Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 2:7, 8
    Mukaddes Kitap
    •  7 Garyp düşürýänem, baýadýanam Ýehowadyr+,

      Peseldýänem, beýgeldýänem Hudaýdyr+.

       8 Galdyrýar ol ejizleri toprakdan,

      Garyp-gasarlary külüň astyndan*+,

      Oturdýar olary han-begler bilen,

      Orun berýär abraýly ýerlerden.

      Ýehowanyň elinde diregi zeminiň+,

      Mes topragy goýdy üstünde onuň.

  • Eýýup 34:24
    Mukaddes Kitap
    • 24 Güýçlüleriň işini derňemän ýykýar,

      Olaryň deregine başga birini goýýar+.

  • Ýermeýa 27:5
    Mukaddes Kitap
    • 5 „Men ýeri, ynsanlary, ýer ýüzündäki haýwanlary güýçli golum we gudratly elim bilen ýaratdym. Men olary islänime berýärin+.

  • Hyzkyl 21:26, 27
    Mukaddes Kitap
    • 26 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Selläňi aýyr, başyňdan täjiňi çykar+. Indi öňküsi ýaly bolmaz+. Pesler beýgeldiler+, beýikler peseldiler+. 27 Men heläkçilik, heläkçilik we heläkçilik indererin. Täç hak eýesi gelýänçä+ hiç kime berilmez. Men täji eýesine bererin“+.

  • Danyýar 2:21
    Mukaddes Kitap
    • 21 Ol wagty we pasyllary çalyşýar+.

      Patyşalary tagtdan düşürýär, tagta çykarýar+.

      Danalara akyl berýär, düşünjelilere bilim berýär+.

  • Danyýar 7:13, 14
    Mukaddes Kitap
    • 13 Şol gije görnüşde asman bulutlarynyň içinden ynsan ogluna+ meňzeş biriniň gelýändigini gördüm. Oňa Owaldan Bar Bolanyň+ huzuryna barmaga rugsat berildi we onuň ýanyna getirildi. 14 Oňa ähli halklar, milletler we diller gulluk etsinler+ diýip, hökümdarlyk+, şöhrat+ hem patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez+.

  • Luka 1:32, 33
    Mukaddes Kitap
    • 32 Ol beýik bolar+, oňa Allatagalanyň Ogly diýerler+. Ýehowa* Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer+. 33 Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşa bolar, Patyşalygynyň soňy bolmaz»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş