32 Ysraýyl patyşasy Remalyň ogly Pekasyň hökümdarlygynyň ikinji ýylynda, Ýahuda patyşasy Uzyýanyň+ ogly Ýotam+ patyşa boldy. 33 Ýotam 25 ýaşynda patyşa bolup, Iýerusalimde 16 ýyl höküm sürdi. Ejesi Ýeruşa Sadygyň gyzydy+. 34 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly, Ýehowanyň öňünde dogry işleri edýärdi+.