Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 2:3—12
    Mukaddes Kitap
    • 3 Şonda dört adam bir ysmazy göterip getirdi+. 4 Emma märeke köp bolansoň, olar öýe girip bilmediler. Olar Isanyň oturan jaýynyň üçegini açyp, ysmazy düşegi bilen aşak düşürdiler. 5 Isa olaryň imanyny görüp+, ysmaz adama: «Oglum, günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 6 Olaryň arasynda oturan kanunçylaryň käbiri içinden+: 7 «Ol näme üçin beýle diýýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär ahyryn. Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?»+ diýişdiler. 8 Emma Isa olaryň näme hakda pikir edýändiklerini aňyp: «Siz näme üçin erbet pikir edýärsiňiz?+ 9 Siziň pikiriňizçe, ysmaza „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa⁠-⁠da „Tur, düşegiňi alyp, ýöre!“ diýmek? 10 Emma siz Ynsan oglunyň+ günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna+ düşünmegiňiz üçin...» diýdi⁠-⁠de, ysmaz adama: 11 «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt» diýdi. 12 Ol turup, dessine düşegini aldy⁠-⁠da, hemmeleriň gözüniň alnynda ýöräp gitdi. Adamlar muňa haýran galyp: «Beýle zady heniz görmändik!»+ diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.

  • Luka 5:18—26
    Mukaddes Kitap
    • 18 Adamlar bir ysmaz ýatan adamy Isanyň ýanyna eltjek boldular+. 19 Emma adam köp bolansoň, olar öýe girip bilmediler. Olar jaýyň üstüne çykyp, üçegini açdylar⁠-⁠da, ysmazy düşegi bilen märekäniň ortasynda oturan Isanyň öňüne düşürdiler. 20 Isa olaryň imanyny görüp, ysmaz adama: «Günäleriň bagyşlandy»+ diýdi. 21 Şonda kanunçylar bilen fariseýler*: «Hudaýdan başga günäleri bagyşlap bilýän barmy?+ Hudaýa dil ýetirer ýaly, ol kim bolupdyr?» diýişdiler. 22 Isa olaryň pikirini bilip: «Siz näme üçin erbet pikir edýärsiňiz? 23 Siziň pikiriňizçe: „Günäleriň bagyşlandy“ diýmek aňsatmy ýa⁠-⁠da „Tur, ýöre!“ diýmek? 24 Emma siz Ynsan oglunyň günäleri bagyşlamaga ygtyýarynyň bardygyna düşünmegiňiz üçin...» diýip, ysmaz adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi alyp, öýüňe gaýt»+ diýdi. 25 Ol hemmeleriň gözüniň alnynda ýerinden turup, düşegini aldy⁠-⁠da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gaýtdy. 26 Adamlar muňa haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar we gorkudan ýaňa: «Beýle zady heniz görmändik» diýişdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş