Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 5:25—34
    Mukaddes Kitap
    • 25 Şol ýerde 12 ýyl bäri+ gan akma keselinden+ ejir çekýän bir aýal bardy. 26 Ol ençeme lukmanlaryň elinden görgi baryny görüp, ähli puluny sowdy. Emma hiç hili haýyr tapman, ýagdaýy öňküsindenem beterleşipdi. 27 Ol Isa hakda eşidipdi, şonuň üçin märekäniň içinden geçip, onuň arkasyndan geldi⁠-⁠de, donuna elini degirdi+. 28 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsemem sagalaryn» diýýärdi+. 29 Şol bada onuň gan akmasy kesilip, agyr derdinden gutulandygyny duýdy.

      30 Isa özünden güýjüň gidendigini duýup+, yzyndan gelýän märekä seretdi⁠-⁠de: «Kim donuma elini degirdi?»+ diýdi. 31 Şägirtleri bolsa oňa şeýle diýdiler: «Märekäniň gysyp barýandygyny görüp dursuň ahyryn. Şonda⁠-⁠da: „Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň». 32 Emma Isa kimiň el degrenini biljek bolup, daş⁠-⁠töweregine seretdi. 33 Aýal sagalandygyny duýup, gorkudan ýaňa titräp, Isanyň ýanyna geldi⁠-⁠de, dyza çöküp, ähli zady gürrüň berdi. 34 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag⁠-⁠aman gaýt+, agyr derdiňden gutuldyň»+ diýdi.

  • Markus 6:56
    Mukaddes Kitap
    • 56 Isa obalara, şäherlere, nirä barsa⁠-⁠da, adamlar syrkawlaryny şol ýeriň bazarlarynda ýatyryp goýýardylar. Soňra Isadan donunyň etegine elini degirmäge+ rugsat soraýardylar. Elini degrenleriň hemmesi sagalýardy.

  • Luka 8:43—48
    Mukaddes Kitap
    • 43 Şol ýerde 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän bir aýal bardy. Ol hiç zatdan haýyr tapmandy+. 44 Aýal Isanyň arkasyndan gelip, donunyň etegine+ elini degirdi welin, şol bada gan akmasy kesildi. 45 Şonda Isa: «Maňa kim elini degirdi?» diýdi. Hiç kim boýun almansoň, Petrus: «Mugallym, daşyň adamdan doly, seni gysyp barýar» diýdi+. 46 Isa bolsa: «Biri maňa elini degirdi, sebäbi özümden güýjüň çykanyny duýdum»+ diýdi. 47 Aýal Isanyň bilendigine düşünip, gorkudan ýaňa titräp, öňünde dyza çökdi. Ol hemmeleriň öňünde näme üçin oňa elini degrendigini we dessine sagalandygyny gürrüň berdi. 48 Isa: «Gyzym, seni imanyň sagaltdy. Sag⁠-⁠aman gaýt»+ diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş