-
2 Musa 12:16Mukaddes Kitap
-
-
16 Baýramçylygyň birinji we ýedinji günleri mukaddes ýygnak geçiriň. Şol günler hiç hili iş etmäň+, diňe iýjek naharyňyzy bişirip bilersiňiz.
-
-
5 Musa 23:25Mukaddes Kitap
-
-
25 Biriniň bugdaýlygyna girseňiz, dänelerini ýolup iýip bilersiňiz, ýöne orak degirmäň+.
-
-
Markus 2:23—28Mukaddes Kitap
-
-
23 Isa Sabat güni* bugdaýlygyň içinden ýöräp barýarka, şägirtleri bugdaý başlaryny ýolup iýýärdiler+. 24 Fariseýler Isa: «Şägirtleriň Sabat güni işläp näme üçin kanuny bozýar?» diýdiler. 25 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň iýmäge zady gutaranda we ajyganlarynda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 26 Uly ruhany Abyýatar+ hakdaky maglumata görä, Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi, soňra ýoldaşlaryna-da berdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 27 Soňra Isa: «Adam Sabat güni üçin däl, Sabat güni adam üçin döredildi+. 28 Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
-
-
Luka 6:1—5Mukaddes Kitap
-
-
6 Bir gezek Isa şägirtleri bilen Sabat güni* bugdaýlygyň içinden geçip barýardy. Şägirtler bugdaý başlaryny ýolup+, elleriniň aýasynda arassalap iýýärdiler+. 2 Fariseýler olary görüp: «Siz näme üçin Sabat güni işläp, kanuny bozýarsyňyz?»+ diýdiler. 3 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň ajyganda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 4 Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi aldy-da, ýanyndakylar bilen iýdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 5 Soňra Isa: «Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
-