-
Matta 12:1—8Mukaddes Kitap
-
-
12 Bir gezek Isa Sabat güni* bugdaýlygyň içinden geçip barýardy. Şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýýärdiler+. 2 Fariseýler olary görüp: «Seniň şägirtleriň Sabat güni işläp, kanuny bozýar»+ diýdiler. 3 Isa: «Siz Dawudyň we ýoldaşlarynyň ajyganda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 4 Dawut Hudaýyň öýüne baryp, ýoldaşlary bilen Hudaýa hödürlenen çöregi iýdi+. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi+. 5 Sabat güni ruhanylar ybadathanada hyzmat etseler-de, kanuny bozmaýandygyny Töwratdan okamadyňyzmy?+ 6 Men size diýýärin, bärde ybadathanadan hem beýik biri dur+. 7 Eger siz „Men gurbanlyk däl-de+, rehimdarlyk+ isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşünsediňiz, bigünä adamlary ýazgarmazdyňyz. 8 Sebäbi Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
-
-
Luka 6:1—5Mukaddes Kitap
-
-
6 Bir gezek Isa şägirtleri bilen Sabat güni* bugdaýlygyň içinden geçip barýardy. Şägirtler bugdaý başlaryny ýolup+, elleriniň aýasynda arassalap iýýärdiler+. 2 Fariseýler olary görüp: «Siz näme üçin Sabat güni işläp, kanuny bozýarsyňyz?»+ diýdiler. 3 Isa: «Siz Dawut bilen ýoldaşlarynyň ajyganda näme edendigini okamadyňyzmy?+ 4 Dawut Hudaýyň öýüne baryp, Hudaýa hödürlenen çöregi aldy-da, ýanyndakylar bilen iýdi. Emma kanun boýunça şol çöregi diňe ruhanylar iýip bilýärdi»+ diýdi. 5 Soňra Isa: «Ynsan ogly Sabat gününiň Hojaýyny»+ diýdi.
-