-
Markus 4:3—9Mukaddes Kitap
-
-
3 «Üns beriň! Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+. 4 Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi. 5 Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+. 6 Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy welin, tohum hasyl bermedi+. 8 Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi we gögerip, ösüp başlady. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berdi»+. 9 Soňra Isa: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi.
-
-
Luka 8:4—8Mukaddes Kitap
-
-
4 Isanyň ýanyna ençeme şäherlerden adamlar geldi, şonda uly märeke ýygnandy. Isa şeýle mysal getirdi+: 5 «Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ol tohum sepdi. Tohumlaryň käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, adamlar olary depeläp geçdi, guşlar bolsa iýip gitdi+. 6 Käbir tohumlar daşlyk topraga düşdi, olar gögerip çykdy, ýöne suwsuzlykdan ýaňa gurady+. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi, ýandaklar tohum bilen bile ösüp, olary bogdy+. 8 Käbiri bolsa mes topraga düşdi, olar gögerip, 100 esse hasyl berdi»+. Soňra Isa batly ses bilen: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi.
-