Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 13:3—9
    Mukaddes Kitap
    • 3 Isa olara mysal getirip, köp zat öwredip başlady+: «Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+. 4 Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi+. 5 Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+. 6 Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy+. 8 Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi. Olaryň käbiri 100, käbiri 60, käbiri 30 esse hasyl berdi+. 9 Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+

  • Markus 4:3—9
    Mukaddes Kitap
    • 3 «Üns beriň! Bir daýhan ekin ekmäge gidýär+. 4 Ol tohum sepende, käbiri ýoluň gyrasyna düşdi, guşlar hem gelip tohumy iýdi. 5 Käbiri bolsa daşlyk topraga düşdi. Tohum çalt gögerdi, sebäbi topragy galyň däldi+. 6 Gün çykdy welin, olar güne ýanyp gurady, sebäbi köki berk däldi. 7 Käbir tohumlar ýandaklaryň arasyna düşdi. Ýandaklar ösüp, olary bogdy welin, tohum hasyl bermedi+. 8 Galan tohumlar bolsa mes topraga düşdi we gögerip, ösüp başlady. Olaryň käbiri 30, käbiri 60, käbiri bolsa 100 esse hasyl berdi»+. 9 Soňra Isa: «Goý, gulagy bar adam eşitsin!»+ diýdi.

  • Luka 8:12
    Mukaddes Kitap
    • 12 Ýoluň gyrasyna düşen tohumlar sözi eşiden adamlardyr. Emma Iblis gelip, olaryň iman etmezligi we halas bolmazlygy üçin ýüregindäki sözi sogrup alýar+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş