-
2 Patyşalar 4:42—44Mukaddes Kitap
-
-
42 Bagal-şalyşdan+ bir adam gelip, hak Hudaýyň guluna arpanyň ilkinji hasylyndan bişirilen 20 çörek+, bir halta täze däne getirdi+. Alyşa pygamber: «Adamlara paýlaň, goý, iýsinler» diýdi. 43 Emma hyzmatkäri: «Muny 100 adama nädip ýetireli?»+ diýdi. Şonda Alyşa: «Arkaýyn paýla, Ýehowa: „Olar iýip doýar, artyp hem galar“+ diýýär» diýdi. 44 Hyzmatkär olary adamlaryň öňünde goýdy. Hemmeler iýip doýdy, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, artyp hem galdy+.
-
-
Luka 9:17Mukaddes Kitap
-
-
17 Adamlar iýip doýdular. Artyp galan zatlary ýygnanlarynda, 12 sebet doldy+.
-
-
Ýahýa 6:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Märeke iýip doýansoň, Isa şägirtlerine: «Artyp galan bölekleri ýygnaň, zaýa bolmasyn» diýdi. 13 Şägirtler hem bäş arpa çörekden artyp galan bölekleri ýygnap, 12 sebet doldurdylar.
-