-
Markus 9:33—37Mukaddes Kitap
-
-
33 Isa şägirtleri bilen Kapernawuma geldi. Olar öýe girenlerinde, Isa: «Ýolda näme hakda jedelleşdiňiz?»+ diýip sorady. 34 Olar hiç zat jogap bermediler, sebäbi kimiň uludygy hakda jedelleşipdiler. 35 Şonda Isa oturyp, 12 resulyny çagyrdy-da: «Kim uly bolmak islese, hemmelerden kiçi bolmaly we adamlara hyzmat etmeli»+ diýdi. 36 Isa bir çagany çagyryp, şägirtleriniň öňünde duruzdy-da, çagany gujaklap: 37 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse+, meni kabul edýändir. Kim meni kabul etse, diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir»+ diýdi.
-
-
Luka 9:46—48Mukaddes Kitap
-
-
46 Şägirtler öz aralarynda kimiň uludygy barada jedelleşýärdiler+. 47 Isa olaryň ýüregindäkini bilip, bir çagany çagyrdy-da, ýanynda durzup: 48 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse, meni kabul edýändir. Meni kabul edýän bolsa diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir+. Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar»+ diýdi.
-