-
Matta 18:1—5Mukaddes Kitap
-
-
18 Şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Gökdäki Patyşalykda iň uly kim bolar?»+ diýip soradylar. 2 Isa bir çagany çagyrdy-da, ony şägirtleriniň öňünde durzup, şeýle diýdi: 3 «Size hakykaty aýdýaryn, eger garaýşyňyzy we häsiýetiňizi üýtgedip, çaga ýaly bolmasaňyz+, gökdäki Patyşalyga asla girmersiňiz+. 4 Kim şu çaga ýaly pesgöwünli bolsa, gökdäki Patyşalykda iň uly bolar+. 5 Meniň hatyrama çaga ýaly pesgöwünli adamy kabul eden meni-de kabul edýändir.
-
-
Luka 9:46—48Mukaddes Kitap
-
-
46 Şägirtler öz aralarynda kimiň uludygy barada jedelleşýärdiler+. 47 Isa olaryň ýüregindäkini bilip, bir çagany çagyrdy-da, ýanynda durzup: 48 «Meniň hatyrama kim şeýle çagany kabul etse, meni kabul edýändir. Meni kabul edýän bolsa diňe meni däl, meni Ibereni-de kabul edýändir+. Araňyzda kim özüni peseltse, ol beýik bolar»+ diýdi.
-