-
Markus 11:1—3Mukaddes Kitap
-
-
11 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ýerleşýän Beýtfagiýa we Betaniýa+ baryp ýetdiler. Isa iki şägirdini ýollap+, 2 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýhary çözüp, alyp gaýdyň. 3 Biri size: „Edýäniňiz näme?“ diýse: „Ol Halypamyza gerek. Taýhary derrew yzyna getirip bereris“ diýiň».
-
-
Luka 19:28—31Mukaddes Kitap
-
-
28 Isa sözüni tamamlandan soň, Iýerusalime tarap ýola düşdi. 29 Olar Zeýtun dagynyň+ etegindäki Beýtfagiýa bilen Betaniýa golaýlanlarynda, Isa iki şägirdine+ 30 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýharyň ýüpüni çözüp, alyp gaýdyň. 31 Biri size: „Taýhary nirä alyp barýaňyz?“ diýse, siz: „Halypamyza gerek“ diýiň».
-