-
Matta 21:1—3Mukaddes Kitap
-
-
21 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Beýtfagiýa baryp ýetdiler. Ol Zeýtun dagynda ýerleşýärdi. Isa iki şägirdini ýollap+: 2 «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran eşegi we taýhary görersiňiz. Olary çözüp alyp gaýdyň. 3 Biri bir zat diýse: „Olar Halypamyza gerek“ diýiň. Şonda olary size bererler» diýdi.
-
-
Markus 11:1—6Mukaddes Kitap
-
-
11 Olar Iýerusalimiň golaýyndaky Zeýtun dagynda ýerleşýän Beýtfagiýa we Betaniýa+ baryp ýetdiler. Isa iki şägirdini ýollap+, 2 şeýle diýdi: «Oba baryň, giren ýeriňizde daňylgy duran münülmedik taýhary görersiňiz. Taýhary çözüp, alyp gaýdyň. 3 Biri size: „Edýäniňiz näme?“ diýse: „Ol Halypamyza gerek. Taýhary derrew yzyna getirip bereris“ diýiň». 4 Olar hem gidip, gapyda daňylgy duran taýhary görüp çözdüler+. 5 Şol ýerde duranlaryň käbiri: «Taýhary näme üçin çözýärsiňiz?» diýdiler. 6 Şägirtler hem Isanyň aýdyşy ýaly jogap berdiler, şonda adamlar hiç zat diýmediler.
-