Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Markus 12:1—9
    Mukaddes Kitap
    • 12 Soňra Isa olara mysallar bilen gürrüň berip başlady: «Bir adam mellegine üzüm ekip+, onuň daşyna haýat aýlaýar, üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 2 Hasyl döwri biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. 3 Emma bagbanlar guly urup, hiç zat bermän kowup goýberýärler. 4 Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar ony kemsidip, kellesine urýarlar+. 5 Ol ýene⁠-⁠de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Hojaýyn başga⁠-⁠da köp gullaryny iberdi, olar gullaryň käbirini urup, käbirini öldürýärler. 6 Hojaýynyň gowy görýän ogly bardy+. Ahyry ol ogluny iberip: „Oglumy⁠-⁠ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 7 Emma bagbanlar öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy biziňki bolar!“ diýýärler. 8 Şeýdip, bagbanlar ony öldürip, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar+. 9 Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer+.

  • Luka 20:9—16
    Mukaddes Kitap
    • 9 Soňra Isa adamlara bir mysaly gürrüň berdi: «Bir adam melleginde üzüm ekip+, bagbanlara kärendesine berýär we uzak wagtlyk başga ýurda gidýär+. 10 Hasyl döwri bolsa biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. Ýöne bagbanlar guly urup, hiç zat bermän goýberýärler+. 11 Ol başga bir guluny iberýär. Bagbanlar ony hem urup, kemsidip, hiç zat bermän goýberýärler. 12 Şonda ol üçünji guluny iberýär. Bagbanlar onuň endam⁠-⁠janyny ýaralap, kowup goýberýärler. 13 Soňra üzümçiligiň eýesi: „Indi näme etsemkäm? Gowy görýän oglumy ibereýin+. Olar oglumy⁠-⁠ha sylarlar“ diýýär. 14 Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, biri⁠-⁠birine: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy bize galar“ diýýärler. 15 Olar ogluny üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. Indi üzümçiligiň eýesi bagbanlary näme eder? 16 Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer».

      Adamlar muny eşidip: «Beýle zat bolup bilmez» diýdiler.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş