-
Matta 21:33—41Mukaddes Kitap
-
-
33 Ýene bir mysaly diňläň: bir adam mellegine üzüm ekip+, haýat aýlaýar we üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 34 Mellegiň eýesi hasyl döwri miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna gullaryny iberýär. 35 Emma bagbanlar gullaryň käbirini urýarlar, käbirini daşlaýarlar, käbirini bolsa öldürýärler+. 36 Soňra hojaýyn öňküsinden hem köp gul iberýär. Emma olary hem şeýle edýärler+. 37 Ahyry ol ogluny iberip, „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 38 Emma bagbanlar hojaýynyň ogluny görüp, öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ony öldürip, mirasyny alalyň!“ diýýärler. 39 Olar oglany üzümçilikden çykaryp öldürýärler+. 40 Üzümçiligiň eýesi gelip, bagbanlary näme eder?» 41 Olar Isa: «Hojaýyn zalymlyk eden bagbanlary öldürer. Mellegini bolsa hasyly wagtynda ýygnap berjek bagbanlara ynanar» diýdiler.
-
-
Markus 12:1—9Mukaddes Kitap
-
-
12 Soňra Isa olara mysallar bilen gürrüň berip başlady: «Bir adam mellegine üzüm ekip+, onuň daşyna haýat aýlaýar, üzüm sykylýan çukur gazyp, diň gurýar+. Soňra mellegini bagbanlara kärendesine berip, başga ýurda gidýär+. 2 Hasyl döwri biraz miwe almak üçin bagbanlaryň ýanyna guluny iberýär. 3 Emma bagbanlar guly urup, hiç zat bermän kowup goýberýärler. 4 Soňra hojaýyn başga bir guluny iberýär, bagbanlar ony kemsidip, kellesine urýarlar+. 5 Ol ýene-de birini ugradýar, bagbanlar ony öldürýärler. Hojaýyn başga-da köp gullaryny iberdi, olar gullaryň käbirini urup, käbirini öldürýärler. 6 Hojaýynyň gowy görýän ogly bardy+. Ahyry ol ogluny iberip: „Oglumy-ha sylarlar“ diýip pikir edýär. 7 Emma bagbanlar öz aralarynda: „Ol üzümçiligiň mirasdüşeri+. Geliň, ogluny öldüreliň, mirasy biziňki bolar!“ diýýärler. 8 Şeýdip, bagbanlar ony öldürip, üzümçilikden çykaryp zyňýarlar+. 9 Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bagbanlary öldürer, üzümçiligi bolsa başgalara berer+.
-