- 
	                        
            
            Markus 12:35—37Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        35 Isa bolsa ybadathanada öwretmegini dowam edip, şeýle diýdi: «Kanunçylar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+ 36 Dawut mukaddes ruhuň+ ylhamy bilen şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 37 Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, onda Mesih nädip onuň ogly bolýar?»+ Uly märeke ony höwes bilen diňleýärdi. 
 
-