- 
	                        
            
            Matta 22:41—46Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        41 Isa fariseýleriň üýşüp durandygyny görüp+: 42 «Mesih barada näme pikir edýärsiňiz? Ol kimiň ogly?» diýip sorady. Olar: «Dawudyň ogly»+ diýip jogap berdiler. 43 Isa olara şeýle sorag berdi: «Onda Dawut Hudaýdan ylham alyp+ näme üçin oňa „Halypam“ diýdi? 44 Ol şeýle ýazypdy: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 45 Eger Dawut Mesihe Halypam diýen bolsa, ol nädip onuň ogly bolýar?»+ 46 Hiç kim jogap berip bilmedi. Şondan soň oňa hiç kim sorag bermäge milt etmedi. 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Markus 12:35—37Mukaddes Kitap
- 
                            - 
                                        35 Isa bolsa ybadathanada öwretmegini dowam edip, şeýle diýdi: «Kanunçylar näme üçin Mesihe Dawudyň ogly diýýärler?+ 36 Dawut mukaddes ruhuň+ ylhamy bilen şeýle diýipdi: „Ýehowa* meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýaklaryň astynda goýýançam, sagymda otur“+ diýdi“. 37 Eger Dawut oňa Halypam diýen bolsa, onda Mesih nädip onuň ogly bolýar?»+ Uly märeke ony höwes bilen diňleýärdi. 
 
-