-
Markus 14:22Mukaddes Kitap
-
-
22 Olar nahar iýip otyrkalar, Isa çöregi alyp, doga etdi. Soňra çöregi bölüşdirip şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň. Çörek meniň bedenimi aňladýar»+ diýdi.
-
-
1 Korinfliler 11:23—26Mukaddes Kitap
-
-
23 Men size Halypamyzyň öwreden zatlaryny aýtdym. Halypamyz Isa tussag ediljek gijesi+ çöregi alyp, 24 doga edensoň, çöregi bölüşdirip: «Çörek siziň üçin berjek bedenimi aňladýar+. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň»+ diýdi. 25 Şeýle-de nahar iýip bolanlaryndan soň, Isa şeraply käsäni+ alyp: «Şu käse ganym arkaly güýje girjek+ täze ähti aňladýar+. Her sapar käseden içeniňizde, meni ýatlamak üçin muny berjaý ediň»+ diýdi. 26 Sebäbi her gezek çörekden iýeniňizde we käseden içeniňizde, Halypamyz gelýänçä, onuň ölendigini ýatlaýarsyňyz.
-