-
Matta 8:24—27Mukaddes Kitap
-
-
24 Deňizde birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady, Isa bolsa uklap ýatyrdy+. 25 Şägirtler Isany oýaryp: «Halypam, bizi halas et, gark bolup barýarys!» diýdiler. 26 Isa: «Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!»+ diýdi. Soňra ýerinden turup, ýele we deňze käýedi welin, ümsümlik boldy+. 27 Olar haýran galyp: «Bä, ol nähili adam? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýdiler.
-
-
Luka 8:23—25Mukaddes Kitap
-
-
23 Ýüzüp barýarkalar, Isa uklap galdy. Şonda deňizde güýçli tupan turdy, olar howply ýagdaýa düşdi, sebäbi gaýyk suwdan dolup barýardy+. 24 Şägirtler Isany oýaryp: «Mugallym, Mugallym, gark bolup barýarys!» diýdiler. Ol ýerinden turup, ýele we tolkunlara käýedi welin, tupan ýatyp, ümsümlik boldy+. 25 Soňra Isa şägirtlerine: «Hany siziň imanyňyz?» diýdi. Olar bolsa haýran galyp, gorkudan ýaňa biri-birine: «Bu kimkä? Ol ýele-de, deňze-de buýruk berýär, olar hem gulak asýar» diýişdiler+.
-