-
Matta 8:24—27Mukaddes Kitap
-
-
24 Deňizde birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady, Isa bolsa uklap ýatyrdy+. 25 Şägirtler Isany oýaryp: «Halypam, bizi halas et, gark bolup barýarys!» diýdiler. 26 Isa: «Eý imany azlar, nämä gorkýaňyz?!»+ diýdi. Soňra ýerinden turup, ýele we deňze käýedi welin, ümsümlik boldy+. 27 Olar haýran galyp: «Bä, ol nähili adam? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýdiler.
-
-
Markus 4:37—41Mukaddes Kitap
-
-
37 Birdenkä güýçli ýel turdy, tolkunlar gaýyga urup başlady. Gaýyk suwdan dolup barýardy+. 38 Emma Isa gaýygyň yzky tarapynda başyny ýassyga goýup, uklap ýatyrdy. Şägirtler Isany turzup: «Mugallym, göreňokmy, gark bolup barýarys!» diýdiler. 39 Isa ýerinden turup, ýele käýedi, soňra deňze: «Ýuwaş! Sem bol!»+ diýdi. Şonda ýel ýatyp, ümsümlik aralaşdy. 40 Isa olara: «Nämä gorkýaňyz? Entegem iman edeňizokmy?» diýdi. 41 Emma olar şonda-da gorkup, biri-birine: «Bu kimkä? Oňa ýelem, deňizem gulak asýar» diýişdiler+.
-