Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 14:24—33
    Mukaddes Kitap
    • 24 Onýança gaýyk kenardan ýüzlerçe metr uzaklaşdy. Ýel gaýyga garşy öwüsýärdi, şol sebäpli küreklemek kyndy. 25 Gijäniň dördünji nobatynda* Isa suwuň ýüzünden ýöräp, şägirtleriniň ýanyna gitdi. 26 Olar suwuň ýüzünden biriniň ýöräp gelýänini görüp, gorkudan ýaňa: «Bu ne alamat!» diýip gygyryşdylar. 27 Şonda Isa: «Gorkmaň! Bu men, batyr boluň!»+ diýdi. 28 Petrus: «Halypam, dogrudanam, sen bolsaň, suwuň ýüzünden ýöräp, ýanyňa barmaga rugsat ber» diýdi. 29 Isa-da: «Gel!» diýdi. Petrus gaýykdan düşdi-de, suwuň ýüzünden ýöräp, Isa tarap gitdi. 30 Emma Petrus güýçli tolkunlara seredip gorkdy. Ol gark bolup başlanda: «Halypam, meni halas et!» diýip gygyrdy. 31 Isa derrew elini uzadyp tutdy-da: «Eý imany az adam, näme üçin şübhelendiň?»+ diýdi. 32 Olar gaýyga münen badyna, ýel ýatdy. 33 Şonda şägirtleri tagzym edip: «Dogrudan-da, sen Hudaýyň Ogly» diýişdiler.

  • Ýahýa 6:16—21
    Mukaddes Kitap
    • 16 Gün ýaşanda, şägirtler deňziň kenaryna gitdiler+. 17 Olar gaýyga münüp, deňziň beýleki kenaryndaky Kapernawuma tarap ýola düşdüler. Garaňky düşüpdi, Isa henizem olaryň ýanyna gelmändi+. 18 Deňizde güýçli ýel turup, tolkunlar möwç urup başlady+. 19 Şägirtler üç-dört çakrym* ýüzenlerinde, Isanyň deňziň ýüzünden ýöräp, gaýyga golaýlaşanyny görüp gorkdular. 20 Isa olara: «Gorkmaň! Bu men»+ diýdi. 21 Olar begenip, Isany gaýyga mündürdiler. Şeýlelikde, olar biraz wagtdan barmaly ýerine ýetdiler+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş