Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Matta 17:1—8
    Mukaddes Kitap
    • 17 Alty günden Isa Petrusy, Ýakup bilen dogany Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykdy+. 2 Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy*+. 3 Şägirtler Isanyň Musa we Ylýas bilen gepleşip durandygyny gördüler. 4 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Halypam, bäri gowy ekeni. Eger isleseň, üç çadyr guraýyn: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 5 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny ak bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi. 6 Şägirtler sesi eşidip, gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldylar. 7 Isa olaryň ýanyna gelip, elini degirdi-de: «Turuň, gorkmaň!» diýdi. 8 Olar başyny galdyrsa, Isadan başga hiç kim ýok eken.

  • Luka 9:28—36
    Mukaddes Kitap
    • 28 Isanyň şu sözleri aýdanyna takmynan sekiz gün geçdi. Şonda Isa Petrus, Ýahýa we Ýakup bilen doga etmäge daga çykdy+. 29 Doga edip durka, onuň ýüz keşbi üýtgedi, egin⁠-⁠eşigi ap⁠-⁠ak boldy. 30 Birdenkä iki adam peýda bolup, Isa bilen gepleşip başlady. Olar Musa bilen Ylýasdy. 31 Olar nur kimin şöhle saçýardy hem⁠-⁠de Isanyň şu dünýäden gitjekdigi barada we Iýerusalimde bolmaly zatlar hakda gürrüň edýärdiler+. 32 Petrusy, Ýahýany we Ýakuby agyr uky basýardy, ýöne olar ukusyndan açylyp, Isanyň şöhratyny+ hem⁠-⁠de ýanynda duran iki adamy gördüler. 33 Olar Isanyň ýanyndan gidip barýarkalar, Petrus: «Mugallym, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. Emma Petrus näme diýýändigine düşünmeýärdi. 34 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny bulut gurşady. Şägirtler muňa juda gorkdular. 35 Şonda bulutdan: «Ine meniň Oglum, meniň saýlanym+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 36 Olar sesi eşidende, Isanyň ýanynda hiç kim ýokdy. Şägirtleri bolsa gören zatlaryny şol wagt hiç kime aýtmadylar+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş