-
Matta 17:1—8Mukaddes Kitap
-
-
17 Alty günden Isa Petrusy, Ýakup bilen dogany Ýahýany ýanyna alyp, bir beýik daga çykdy+. 2 Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi, ýüzi Gün ýaly şöhle saçýardy, egin-eşigi bolsa göwher daşy kimin öwşün atýardy*+. 3 Şägirtler Isanyň Musa we Ylýas bilen gepleşip durandygyny gördüler. 4 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Halypam, bäri gowy ekeni. Eger isleseň, üç çadyr guraýyn: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 5 Petrus heniz gepläp durka, olaryň daşyny ak bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi. 6 Şägirtler sesi eşidip, gorkudan ýaňa ýere ýüzin ýykyldylar. 7 Isa olaryň ýanyna gelip, elini degirdi-de: «Turuň, gorkmaň!» diýdi. 8 Olar başyny galdyrsa, Isadan başga hiç kim ýok eken.
-
-
Markus 9:2—8Mukaddes Kitap
-
-
2 Alty günden Isa Petrusy, Ýakuby we Ýahýany alyp, bir beýik daga çykdy. Şonda olaryň gözleriniň alnynda Isanyň daş keşbi üýtgedi+. 3 Onuň egin-eşigi ap-ak bolup şöhle saçýardy. Ýer ýüzünde hiç kim eşigi şeýle agardyp bilmese gerek. 4 Şägirtler Ylýas bilen Musany hem gördüler, olar Isa bilen gepleşip durdylar. 5 Şonda Petrus Isa ýüzlenip: «Mugallym*, bäri gowy ekeni. Rugsat berseň, üç çadyr guraly: birini saňa, birini Musa, birini Ylýasa» diýdi. 6 Petrus näme diýjegini bilmeýärdi, sebäbi şägirtler juda gorkupdylar. 7 Şonda olaryň daşyny bulut gurşady. Bulutdan: «Ine meniň söýgüli Oglum+. Ogluma gulak asyň!»+ diýen ses eşidildi+. 8 Olar töweregine seredende, Isadan başga hiç kimi görmediler.
-