-
Matta 24:15—20Mukaddes Kitap
-
-
15 Danyýar pygamberiň aýdan weýrançylyk getirýän ýigrenji zadynyň mukaddes ýerde durandygyny göreniňizde+ (muny okaýan düşünjek bolsun), 16 Ýahudadakylar daglara gaçsyn+. 17 Şonda jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin öýüne girmesin. 18 Mellekdäki daýhan donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 19 Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe! 20 Gaçmaly günüňiz gyş ýa-da Sabat güni* bolmaz ýaly doga ediň.
-
-
Luka 21:20—23Mukaddes Kitap
-
-
20 Siz Iýerusalimiň gabalandygyny görseňiz+, onuň tizden harabaçylyga öwrüljekdigini biliň+. 21 Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn+, Iýerusalimiň içindäkiler çyksyn, daş-töweregindäkiler hem oňa girmesin. 22 Şol günler Hudaýyň gahar-gazaby inip, ähli ýazylan zatlar ýerine ýeter. 23 Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe!+ Sebäbi ýurtda betbagtçylyk bolar, ilaty almytyny alar.
-