-
Matta 27:46—49Mukaddes Kitap
-
-
46 Sagat üçlerde* Isa batly ses bilen: «Eli, Eli, lama sabahtani?» diýdi. Bu sözler «Alla jan, Alla jan, meni näme üçin terk etdiň?» diýmegi aňladýar+. 47 Duranlaryň käbiri muny eşidip: «Ol Ylýasy çagyrýar» diýişdiler+. 48 Olaryň biri ylgap bardy-da, pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy. Ony taýaga gysdyryp, Isanyň agzyna tutdy+. 49 Beýleki adamlar bolsa: «Duruň bakaly. Hany, göreli, Ylýas halas etmäge gelermikä?» diýdiler.
-