22 Eger biri ölüme mynasyp günä etse, ony öldürip+, pürsden assaňyz+, 23 jesedini gijesi bilen pürsde goýmaň+, şol günüň özünde jaýlaň, sebäbi pürsden asylan adam Hudaý üçin ýigrenjidir*+. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduny haram etmäň+.
57 Agşamara arimatiýaly Ýusup atly baý adam geldi. Ol hem Isanyň şägirdidi+. 58 Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady+. Pilatus hem jesedi bermegi buýurdy+.
50 Şol ýerde Mejlisiň* agzasy Ýusup hem bardy. Ol dogruçyl we ýagşy adamdy+. 51 Ýusup Isany öldürjek bolanlary goldamandy, olaryň hiç zadyna goşulmandy. Ol Ýahudanyň Arimatiýa şäherindendi we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýardy. 52 Ýusup Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini sorady.
38 Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy+. Ýusup Pilatusdan Isanyň jesedini alyp gitmäge rugsat sorady, ol hem rugsat berdi. Şonda Ýusup Isanyň jesedini äkidip jaýlady+.