20 Ýolda barýarka, 12 ýyl bäri gan akma keselinden+ ejir çekýän aýal Isanyň yzyndan gelip, donunyň etegine elini degirdi+. 21 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsem-de sagalaryn» diýýärdi.
27 Ol Isa hakda eşidipdi, şonuň üçin märekäniň içinden geçip, onuň arkasyndan geldi-de, donuna elini degirdi+. 28 Sebäbi ol içinden: «Donuna elimi degirsemem sagalaryn» diýýärdi+.
56 Isa obalara, şäherlere, nirä barsa-da, adamlar syrkawlaryny şol ýeriň bazarlarynda ýatyryp goýýardylar. Soňra Isadan donunyň etegine elini degirmäge+ rugsat soraýardylar. Elini degrenleriň hemmesi sagalýardy.