-
Markus 6:14Mukaddes Kitap
-
-
14 Bolýan zatlary Hirodes patyşa hem eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy hemme ýere ýaýrapdy. Adamlar ol barada: «Suwa çümdürýän Ýahýa direlipdir, şonuň üçin şeýle gudratlary edip bilýär»+ diýýärdiler.
-
-
Luka 9:7—9Mukaddes Kitap
-
-
7 Welaýat häkimi* Hirodes* hem bolýan zatlary eşidip, örän aljyrady, sebäbi adamlaryň käbiri Ýahýa direlipdir diýýärdiler+. 8 Käbirleri Ylýas pygamber gelipdir, başgalar bolsa öňki pygamberleriň biri direlipdir diýişýärdiler+. 9 Hirodes: «Men Ýahýanyň kellesini kesdim+. Onda halk kimiň gürrüňini edýärkä?» diýip, Isany görmek isleýärdi+.
-