Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 12:5, 6
    Mukaddes Kitap
    • 5 Ýehowa Hudaýyňyz öz ady we mekany üçin taýpalaryňyzyň arasyndan haýsy ýeri saýlasa, şol ýere baryp sežde ediň+. 6 Ýakma gurbanlyklaryňyzy+, sadakalaryňyzy, ähli zadyňyzyň ondan bir bölegini+, wada beren we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+, mal-garaňyzyň ilkinji doglanyny+, başga-da sadakalaryňyzy+ şol ýere eltiň.

  • 1 Patyşalar 9:3
    Mukaddes Kitap
    • 3 Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Doga⁠-⁠dilegiňi eşitdim. Meniň üçin guran öýüňi mukaddes etdim, ol hemişe adymy göterer+. Öýi hiç wagt gözden salmaryn, aladasyny ederin+.

  • 2 Taryh 7:12
    Mukaddes Kitap
    • 12 Gije Ýehowa Süleýmanyň düýşüne girip+, şeýle diýdi: «Seniň dogaňy eşitdim, guran öýüňde maňa gurban berler+.

  • Zebur 122:sözbaşy—9
    Mukaddes Kitap
    • Dawudyň zyýarat aýdymy*.

      122 Maňa: «Ýehowanyň öýüne gideli» diýenlerinde,

      Begenjimiň çägi bolmady+.

       2 Eý Iýerusalim, biz seniň derwezeleriň öňünde durus+.

       3 Iýerusalim uly şäherdir,

      Jaýlary biri⁠-⁠birine golaý salnandyr+.

       4 Ýahyň* taýpalary şähere barýar.

      Ysraýyla berlen kanuna görä,

      Ýehowanyň adyna alkyş aýtmaga barýar+.

       5 Ol şäherde höküm tagtlary+,

      Dawudyň öýüniň tagtlary dikilendir+.

       6 Iýerusalimiň abadançylygy hakda doga ediň+.

      Eý şäher, seni söýýänler aman⁠-⁠esen ýaşar.

       7 Goý, şäherde parahatlyk höküm sürsün!

      Goý, diňlerinde asudalyk bolsun!

       8 Aga⁠-⁠inilerimiň, dost⁠-⁠ýarlarymyň hatyrasyna:

      «Goý, şäherde parahatlyk bolsun!» diýerin.

       9 Ýehowa Hudaýymyzyň öýüniň hatyrasyna+,

      Şäheriň abadançylygyny dilärin.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş