-
Matta 14:19—21Mukaddes Kitap
-
-
19 Isa märekäni otuň üstünde oturtdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýlady. 20 Adamlar iýip doýdular. Galan çörekleri ýygnadylar welin, 12 sebet doldy+. 21 Aýallary we çagalary hasaba almasaň, iýenleriň sany 5 000 adam töweregidi+.
-
-
Markus 6:39—44Mukaddes Kitap
-
-
39 Şonda Isa adamlary toparlara bölüp, otuň üstünde oturtdy+. 40 Olar hem ýüz-ýüzden we elli-elliden oturdylar. 41 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi+. Soňra çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtler hem olary adamlaryň öňünde goýdular. Isa iki balygy-da hemmelere bölüp berdi. 42 Adamlar iýip doýdular. 43 Balyklary hasaba almanyňda, galan çörekleri ýygnanlarynda 12 sebet doldy+. 44 Çöregi 5 000 erkek adam iýdi.
-
-
Luka 9:14—17Mukaddes Kitap
-
-
14 Ol ýere 5 000-e golaý erkek adam ýygnanypdy. Isa şägirtlerine: «Adamlary elli-elliden toparlara bölüp oturdyň» diýdi. 15 Olar hem Isanyň aýdyşy ýaly etdiler. 16 Isa bäş çörek bilen iki balygy aldy-da, göge bakyp doga etdi*. Soňra olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, olar hem märekä paýladylar. 17 Adamlar iýip doýdular. Artyp galan zatlary ýygnanlarynda, 12 sebet doldy+.
-