-
Matta 26:6—10Mukaddes Kitap
-
-
6 Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi+. 7 Isa saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal atyr ysly gymmatbaha ýag* alyp geldi-de, onuň başyna guýdy. 8 Şägirtler hüňürdeşip: «Ýagy biderek zaýalamak nämä gerek? 9 Gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. 10 Isa olaryň näme hakda gürrüň edýändigini bilip: «Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi.
-
-
Markus 14:3—6Mukaddes Kitap
-
-
3 Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi. Ol saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal örän gymmat atyr ysly sap sünbül* ýagy guýlan gaby* alyp geldi. Ol gabyň gapagyny açyp, ýagy Isanyň başyna guýdy+. 4 Şägirtler hüňürdeşip: «Atyr ysly ýagy biderek zaýalamak nämä gerek? 5 Ýagy 300 teňňeden* hem gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. Olaryň aýala gahary geldi. 6 Isa olara: «Oňa degmäň! Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi+.
-