-
Markus 14:3—9Mukaddes Kitap
-
-
3 Isa Betaniýada heýwere keselinden gutulan Simunyň öýüne geldi. Ol saçak başynda ýassanyp otyrka, bir aýal örän gymmat atyr ysly sap sünbül* ýagy guýlan gaby* alyp geldi. Ol gabyň gapagyny açyp, ýagy Isanyň başyna guýdy+. 4 Şägirtler hüňürdeşip: «Atyr ysly ýagy biderek zaýalamak nämä gerek? 5 Ýagy 300 teňňeden* hem gymmat satyp, puluny garyplara paýlasa bolardy» diýdiler. Olaryň aýala gahary geldi. 6 Isa olara: «Oňa degmäň! Siz näme üçin aýaly günäkärleýäňiz? Ol maňa ýagşylyk etdi+. 7 Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, olara islän wagtyňyz kömek edip bilersiňiz, emma men hemişe ýanyňyzda bolmaryn+. 8 Ol elinde baryny etdi, üstüme* atyr ysly ýag guýup, meni jaýlamaga taýynlady+. 9 Size hakykaty aýdýaryn, hoş habar dünýäniň niresinde wagyz edilse+, aýalyň eden ýagşylygy hakda hem aýdylar»+ diýdi.
-
-
Ýahýa 12:1—8Mukaddes Kitap
-
-
12 Pasha baýramyna alty gün galanda, Isa Betaniýa geldi. Direlen Lazar+ şol ýerde ýaşaýardy. 2 Şonda Isany agşamlyk naharyna çagyrdylar, Marta olara hyzmat edýärdi+. Isa bilen saçak başynda oturanlaryň arasynda Lazar hem bardy. 3 Merýem ýarym litre golaý* atyr ysly gymmatbaha sap sünbül* ýagy alyp, Isanyň aýagyna guýdy-da, saçy bilen süpürdi. Ýagyň ysy öýüň içine ýaýrady+. 4 Isa dönüklik etjek şägirdi Iuda Iskariýot bolsa+: 5 «Ýagy 300 teňňä* satyp, puluny garyplara paýlasa gowy bolardy» diýdi. 6 Iuda garyplaryň aladasyny edýändigi üçin däl, ogry bolandygy üçin şeýle diýipdi. Ol pul atylýan guta seredýärdi, şol puldan ogurlaýardy. 7 Şonda Isa: «Degmäň, ol meni jaýlamaga taýýarlaýar+. 8 Garyplar hemişe ýanyňyzda bolar+, emma men siziň ýanyňyzda hemişe bolmaryn»+ diýdi.
-