28 Isa deňziň beýleki tarapyndaky Gadara welaýatyna bardy. Şonda mazarçylykdan iki sany jynly adam çykdy+. Olar şeýle gorkunçdy welin, şol ýoldan geçmäge hiç kimiň gaýraty çatmaýardy. 29 Olar gygyryp: «Eý Hudaýyň Ogly! Biziň bilen näme işiň bar?+ Sen bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?»+ diýdiler.