99 Ýehowa Patyşa boldy+.
Goý, halklar titresin!
Ol tagtyny keruplaryň ýokarsynda+ dikdi.
Goý, ýer ýüzi lerzana gelsin!
 2 Beýik Ýehowa Sionda.
Ol halklaryň üstünden höküm sürýär+.
 3 Goý, beýik adyňy taryp etsinler!+
Sebäbi adyň haýbatly hem mukaddesdir.
 4 Sen adalaty söýýän+ gudratly Patyşa.
Sen adalaty dikeltdiň,
Ýakuba adalaty we dogruçyllygy berdiň+.
 5 Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,
Basgançagynyň öňünde tagzym ediň+.
Sebäbi ol mukaddesdir+.
 6 Musa bilen Harun hem ruhanysydy+,
Şamuwel hem adyny çagyrypdy+.
Olar Ýehowa dileg ederdiler,
Ol hem jogap bererdi+.
 7 Gullary bilen bulut sütüniniň içinden gepleşerdi+.
Olar hem öwüt-ündewini diňlärdiler,
Kada-kanunlaryny berjaý ederdiler+.
 8 Ýehowa Hudaýymyz, olara jogap bererdiň+.
Günälerini bagyşlardyň+,
Emma temmisiz hem goýmazdyň+.
 9 Ýehowa Hudaýymyzy beýgeldiň+,
Mukaddes dagynyň öňünde sežde ediň+.
Sebäbi Ýehowa Hudaý mukaddesdir+.