Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Resullar 27
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Resullar kitabynyň mazmuny

      • Pawlus gämide Rime äkidilýär (1—12)

      • Güýçli ýel gämä urýar (13—38)

      • Gämi heläkçiligi (39—44)

Resullar 27:1

Parallel aýatlar

  • +Res 25:12

Resullar 27:2

Parallel aýatlar

  • +Res 19:29; 20:4; Kol 4:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 204

Resullar 27:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 204

Resullar 27:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 204, 205, 208

Resullar 27:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 204, 205, 208

Resullar 27:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 205, 208

Resullar 27:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 205

Resullar 27:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 205

Resullar 27:9

Parallel aýatlar

  • +3Ms 16:29, 30; 23:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 205—207

Resullar 27:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:14

Çykgytlar

  • *

    Grekçe «Ewrakilon».

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:16

Çykgytlar

  • *

    Halas bolmak üçin ulanylýan kiçi gaýyk.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:17

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:19

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207

Resullar 27:21

Parallel aýatlar

  • +Res 27:9, 10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207, 208

Resullar 27:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 207, 208

Resullar 27:23

Parallel aýatlar

  • +Res 5:18, 19; Ýew 1:7, 14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 1/2019, sah. 6

Resullar 27:24

Parallel aýatlar

  • +Res 23:11; 25:11, 12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    9/2016, sah. 15, 16

Resullar 27:26

Parallel aýatlar

  • +Res 28:1

Resullar 27:27

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 209

Resullar 27:28

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: 20 gulaç. Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Ýa⁠-⁠da: 15 gulaç. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Resullar 27:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 209

Resullar 27:31

Parallel aýatlar

  • +Res 27:22

Resullar 27:35

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 206, 209

Resullar 27:38

Parallel aýatlar

  • +Ýun 1:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 209

Resullar 27:39

Parallel aýatlar

  • +Res 28:1

Resullar 27:40

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 209

Resullar 27:41

Parallel aýatlar

  • +Res 27:22; 2Kr 11:25

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Wagyz ediň», sah. 209

Resullar 27:44

Parallel aýatlar

  • +Res 27:23, 24

Umumy salgylar

Res. 27:1Res 25:12
Res. 27:2Res 19:29; 20:4; Kol 4:10
Res. 27:93Ms 16:29, 30; 23:27
Res. 27:21Res 27:9, 10
Res. 27:23Res 5:18, 19; Ýew 1:7, 14
Res. 27:24Res 23:11; 25:11, 12
Res. 27:26Res 28:1
Res. 27:31Res 27:22
Res. 27:38Ýun 1:5
Res. 27:39Res 28:1
Res. 27:41Res 27:22; 2Kr 11:25
Res. 27:44Res 27:23, 24
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
Mukaddes Kitap
Resullar 27:1—44

Resullar

27 Fest bizi gämili Italiýa ibermek kararyna geldi+. Pawlusy we başga⁠-⁠da käbir tussaglary Awgustyň goşunynyň ýüzbaşysy Ýuliýiň eline tabşyrdylar. 2 Biz Adramitde gämä münüp, Aziýa welaýatynyň kenarýakalaryndan geçip gitdik. Selanikde ýaşaýan makedoniýaly Aristarhus+ hem biziň ýanymyzdady. 3 Ertesi gün Sidona bardyk. Ýüzbaşy Ýuliý adamkärçilik edip, Pawlusa dostlary kömek etsin diýip, olaryň ýanyna gitmäge rugsat berdi.

4 Ol ýerden gämä mündük. Ýele garşy ýüzmeli bolansoň, Kipriň kenarýakasy bilen gitdik. 5 Soňra deňziň üsti bilen Kilikiýadan we Pamfiliýadan geçip, Likiýadaky Mira gämi duralgasyna bardyk. 6 Ýüzbaşy Ýuliý Aleksandriýadan Italiýa gidýän gämini tapyp, bizi mündürdi. 7 Ençeme günläp ýuwaşlyk bilen ýüzüp, zordan Knida ýetdik. Güýçli ýel turansoň, Krit adasyndaky Salmonanyň golaýyndan ýüzüp geçdik. 8 Kenary ýakalap, zordan Laseýa şäheriniň golaýyndaky Gözel duralgalar diýen ýere geldik.

9 Aradan ep⁠-⁠esli wagt geçipdi. Hatda Günä geçilýän günüň+ agyz beklemek döwri hem tamamlanypdy. Deňizde ýüzmek howply bolandygy üçin Pawlus olara: 10 «Adamlar, ýolumyzy dowam etsek zyýan çekeris. Diňe ýükümize we gämimize zyýan ýetmän, özümiz hem heläk bolarys» diýip maslahat berdi. 11 Emma ýüzbaşy Pawlusy diňlemän, gäminiň eýesine we sürüjisine gulak asdy. 12 Ýöne gämi duralgasynda gyşy geçirmäge amatly şertler hem ýokdy. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi her zat edip, Kritiň demirgazyk⁠-⁠gündogar we günorta⁠-⁠gündogaryna bakyp duran Feniks gämi duralgasyna baryp, gyşy şol ýerde geçirmeli diýýärdiler.

13 Günorta tarapdan ýuwaşlyk bilen şemal öwsende, olar Finikse baryp ýeteris öýdüp, labyrlary çekip aldylar we Kritiň kenarýakasy bilen ýola düşdüler. 14 Ýöne biraz wagtdan demirgazyk⁠-⁠gündogardan güýçli ýel* turdy. 15 Ýel şeýle bir güýçlüdi welin, ýele garşy ýüzmek başartmansoň, ýeliň ugruna ýüzmeli bolduk. 16 Soňra Klawda diýilýän kiçiräk adanyň kenary bilen ýüzdük, emma gäminiň yzyndaky gaýygy* zordan saklaýardyk. 17 Şonda olar gaýygy ýokaryk galdyryp, bölek⁠-⁠bölek bolmaz ýaly daňyşdyrdylar. Sirtde* suwuň ýalpak ýerine düşmejek bolup, ýelkenleri aşak goýberip, ýeliň ugruna ýüzüp gitdiler. 18 Ýel barha güýjeýärdi, gämi bolsa eýläk⁠-⁠beýläk kowlup ýördi. Şonuň üçin olar ertesi gün gäminiň ýüküni zyňyp başladylar. 19 Üçünji gün bolsa gäminiň käbir enjamlaryny zyňdylar.

20 Biz ençeme günläp Güni we ýyldyzlary görmedik. Ýel hiç ýatmansoň, halas bolmak umydymyzy⁠-⁠da üzdük. 21 Gämidäki adamlar köp wagt bäri iýip⁠-⁠içmänsoňlar, Pawlus ýerinden turup: «Adamlar, meni diňläp, Kritde galan bolsaňyz, şunça zyýan çekmezdiňiz+. 22 Ýöne mert boluň, ähliňiz halas bolarsyňyz, diňe gämi çym⁠-⁠pytrak bolar. 23 Geçen gije meniň sežde edýän we gulluk edýän Hudaýym perişdesini iberip+: 24 „Gorkma, Pawlus! Sen hökman Sezaryň öňünde durarsyň+. Hudaý gämidäkileriň ählisini halas eder“ diýdi. 25 Şonuň üçin mert boluň, Hudaý hökman sözünde durar. 26 Gämi bolsa bir adada weýran bolar»+ diýdi.

27 On dört gün geçdi, güýçli ýel bizi Adryýa deňzinde eýläk⁠-⁠beýläk kowup ýördi. Deňizçiler ýarygije gury ýere golaýlandyklaryny aňdylar. 28 Olar suwuň çuňlugyny ölçänlerinde, takmynan 36 metr* çykdy, ýene biraz ýüzüp ölçänlerinde, takmynan 27 metr* ekeni. 29 Olar gaýa urulmakdan gorkup, dört labyry⁠-⁠da zyňdylar we daň atmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. 30 Emma deňizçiler labyrlary zyňmak bahanasy bilen gaýygy deňze düşürip gaçjak boldular. 31 Pawlus hem ýüzbaşa we esgerlere: «Olar gämiden düşse, halas bolmarsyňyz»+ diýdi. 32 Şonda esgerler gaýygyň ýüplerini kesip, deňze zyňdylar.

33 Daň atanda, Pawlus hemmeleri bir döwüm çörek iýmäge çagyryp: «Siz alada edip, 14 gün bäri hiç zat iýeňizok. 34 Haýyş edýärin, biraz iýip içiň. Arkaýyn boluň, saçyňyzyň ýekeje tary⁠-⁠da gaçmaz» diýdi. 35 Pawlus çörek alyp, hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy we çöregi bölüp iýip başlady. 36 Şeýlelikde, olaryň hemmesi ruhlanyp, çörek iýip başladylar. 37 Gämide 276 adam bardy. 38 Olar garnyny doýranlarynda, gämidäki bugdaýy deňze zyňyp, gäminiň ýüküni ýeňledip başladylar+.

39 Daň atanda, olar kiçiräk aýlagly kenar gördüler, ýöne nirä gelenlerini bilmediler+. Olar gämini kenara çykarjak boldular. 40 Şonuň üçin labyrlaryň ýüplerini kesdiler, kürekleriň ýüpüni çözüp, öňdäki ýelkeni ýokaryk galdyrdylar we kenara tarap ýüzdüler. 41 Deňiz tolkunlary gämini her tarapdan uransoň, ol suwuň ýalpak ýerine baryp durdy we gäminiň burny batyp galdy. Tolkunlaryň zarbyna gämi bölek⁠-⁠bölek bolup başlady+. 42 Esgerler tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, olary öldürjek boldular. 43 Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek üçin, olara rugsat bermedi. Ol ýüzüp bilýänlere deňze böküp, kenara ýüzmegi buýurdy. 44 Galanlaryna bolsa tagtalara we gäminiň döwlen böleklerine ýapyşyp, olaryň yzyndan ýüzmegi tabşyrdy. Şeýlelikde, hemmeler halas boldy+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş