-
«Ähliňiz halas bolarsyňyz»Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
-
-
«Hemmeler halas boldy» (Resullar 27:27—44)
«Pawlus... hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Resullar 27:35)
16, 17. a) Pawlus haçan doga etdi? Soňra näme boldy? b) Pawlusyň sözleri nädip ýerine ýetdi?
16 Şol iki hepde agyr geçdi. Ýel gämini takmynan 870 kilometr uzaklyga äkidipdi. Tolkunlaryň kenara urýan sesinden deňizçiler gury ýere golaýlandygyna düşündiler. Gäminiň öňi kenara bakyp durar ýaly, deňizçiler gäminiň yzyndan labyrlary suwa taşladylar. Gämi duransoň, deňizçiler onuň öňünden gaýyklary düşürip, gaçyp gitjek bolýardylar. Ýöne Pawlus ýüzbaşy bilen esgerlere: «Olar gämiden düşse, halas bolmarsyňyz» diýdi. Şonuň üçinem esgerler deňizçileri sakladylar. Gäminiň yranmasy galyşansoň, Pawlus hemmeleri iýip-içmäge çagyrdy. Şeýle-de olara ýene bir gezek halas boljagyny ýatlatdy. Soňra Pawlus «hemmeleriň öňünde Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Res. 27:31, 35). Pawlus adamlaryň öňünde doga edip, Luka, Aristarhusa we bize gowy görelde galdyrdy. Siziňem köpçüligiň öňünde edýän dogalaryňyz adamlary ruhlandyrýarmy, göwünlik berýärmi?
-