Zebur
Asafyň aýdymy+.
2 Allanyň nury Siondan, ajaýyp şäherden+ şöhle saçýar.
3 Hudaýymyz geler, dymyp durmaz+.
6 Hudaý Kazydyr+,
Asman adalatyny jar edýär. (Sela)
7 «Eý halkym, meni diňle!
Ysraýyl halkym, saňa aýtjak sözüm bar!+
Men Hudaý, siziň Hudaýyňyz+.
8 Her günki berýän ýakma gurbanlygyňyz,
Mal gurbanlygyňyz üçin sizi ýazgarmaýaryn+.
9 Men malýatakda duran öküze,
Agylda ýatan tekeleriňize mätäç däl+.
10 Tokaýyň ähli ýabany haýwanlary+,
Hatda daglarda ýaşaýan haýwanlar hem meniňkidir.
11 Gaýalardaky guşlaryň her birini bilýärin+,
Sansyz-sajaksyz çöl haýwanlarynyň eýesi mendirin.
12 Men aç bolsam-da, sizden zat soramaryn.
Sebäbi ýer ýüzüniň ähli zady meniňkidir+.
13 Öküzleriň etini iýerinmi?
Geçileriň ganyny içerinmi?+
14 Hudaýyňyza minnetdarlyk aýdyň*+,
Allatagala* beren wadaňyzy berjaý ediň+.
15 Agyr günde meni çagyryň+, size kömek ederin,
Şonda meni şöhratlandyrarsyňyz»+.
16 Hudaý erbet adamlara diýer:
19 Agzyňyzdan erbet sözler çykýar,
Diliňiz ýalan sözleri ýagdyrýar+.
21 Erbet işleri edeniňizde, sesimi çykarmadym welin,
Maňa özüňiz ýalydyryn öýtdüňiz.
Indi size temmi bererin,
Günäleriňizi paş ederin+.
22 Eý Hudaýy unudanlar, aýdanlarym hakda oýlanyň+,
Ýogsam sizi bölek-bölek ederin, halas eden tapylmaz.