Işaýa
Onuň sag golundan tutup+,
Halklary tabyn eder+,
Patyşalary boýun egdirer*,
Goşa gapylary açar,
Derwezeleri açyp goýar.
Hudaý Kire şeýle diýýär:
Mis gapylary bölek-bölek ederin,
Demir gulplary döwerin+.
3 Garaňky ýerde duran hazynalary,
Gizlin saklanýan genji-hazynany bererin+.
Şonda meniň Ýehowadygymy,
Adyňy tutup çagyran Ysraýylyň Hudaýydygymy bilersiň+.
4 Gulum Ýakubyň, saýlanym Ysraýylyň hatyrasyna,
Adyňy tutup çagyraryn.
Meni tanamasaň-da, hormatly at bererin.
5 Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur.
Menden başga Hudaý ýokdur+.
Meni tanamasaň-da, güýç-kuwwat bererin*.
6 Gündogardan günbatara çenli ähli halklar bilsinler,
Menden başgasy ýokdur+,
Men, Ýehowa, menden başgasy ýokdur+.
7 Ýagtylygy-da+, garaňkylygy-da+ men ýaratdym,
Parahatlygy-da+, betbagtçylygy-da men getirýärin+.
Olaryň ählisini edýän men, Ýehowadyryn.
8 Eý asman, ýere ýagyş ýagdyr+.
Goý, bulutlar dogruçyllygy indersin.
Ýer açylyp, gutulyş miwesini bersin,
Onuň bilen dogruçyllyk gögersin+.
Muny eden men, Ýehowadyryn».
9 Ýaradan bilen dawalaşýanyň waý halyna!
Ol döwlen küýze bölegidir,
Ýerde pytrap ýatan küýze böleginiň biridir.
Toýun Küýzegäre: «Ýasan zadyň näme?» diýermi?+
Ýasan zadyň saňa: «Eliň ýok» diýermi?*
10 Kakasyna: «Meni näme üçin dünýä inderdiň?»
Ejesine: «Meni näme üçin dogurdyň?» diýýäniň waý halyna!
11 Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy,
Ony ýaradan Ýehowa+ şeýle diýýär:
«Etjek işlerime şübhelenýärmiň?
Ogullaryma+, ýaradanlaryma näme etmelidigimi öwretjek bolýarmyň?
12 Ýeri döreden+, ynsanlary ýaradan mendirin+.
13 «Men adalatyň hatyrasyna bir adamy saýlaryn+,
Onuň ähli ýollaryny tekizlärin.
Ol meniň şäherimi gurar+,
Sürgün edilen halkymy tölegsiz, parasyz+ azat eder»+.
Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar.
14 Ýehowa şeýle diýýär:
«Müsüriň girdejisi*, Efiopiýanyň harytlary*,
Sabanyň uzyn boýly halky saňa geler, olar seniňki bolar.
Elleri gandally yzyňa düşer,
Öňüňde dyza çöker+.
Olar gorkudan ýaňa: „Alla seniň bilendir+.
Başgasy ýok, ondan başga Hudaý ýokdur“ diýer».
15 Ysraýyl Hudaýy, Halasgär Alla!+
Sen niýetiňi gizlin saklaýan Hudaýsyň.
16 But ýasaýanlaryň ählisi masgara bolar, utanja galar,
Olaryň hemmesi abraýdan düşer+.
17 Eý Ysraýyl, Ýehowa seni hemişelik halas eder+,
Indi sen hiç haçan utanja galmarsyň, masgara bolmarsyň+.
Ýeri ýaratdym, şekil berdim we berkitdim+,
Ýeri biderek ýere* däl, ýaşaýyş üçin ýaratdym+,
Hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär:
«Men Ýehowa, menden başgasy ýokdur.
19 Men gizlin ýerde+, tümlük mekanynda geplemedim,
Ýakubyň nesline:
„Meni agtaryň, ýöne bary biderek bolar“ diýmedim.
Men hakykaty, dogry zady aýdýan Ýehowa Hudaýdyryn+.
20 Halklardan gaçyp gutulanlar!+
Geliň, toplanyň, bir ýere ýygnanyň.
Oýma butlary göterýänler,
Halas edip bilmeýän taňra dileg edýänler hiç zat bilmeýär+.
21 Aýdyň, dawaňyzy orta atyň,
Özara maslahat ediň.
Muny ozal başda aýdan kim?
Gadymy günlerde yglan eden kim?
Muny men, Ýehowa aýtmadymmy?
Her bir adam öňümde dyza çöker,
Ähli diller wepaly boljagyna ant içip+ diýer:
24 „Ýehowa adalatly we güýç-kuwwatly Hudaýdyr.
Oňa gaharlanan her bir adam utana-utana öňüne geler.
25 Bütin Ysraýyl nesli Ýehowa bil baglanyna begener+,
Onuň eden işlerine buýsanar“».