Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 3
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Şamuwel kitabynyň mazmuny

      • Şamuwel — Hudaýyň pygamberi (1—21)

1 Şamuwel 3:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 2:11, 18
  • +4Ms 12:6; 1Tr 17:15

1 Şamuwel 3:2

Parallel aýatlar

  • +1Şm 4:15

1 Şamuwel 3:3

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ýehowanyň çadyry.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 1:9; 3:15
  • +3Ms 24:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    1/2022, sah. 6, 7

1 Şamuwel 3:5

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 63, 64

1 Şamuwel 3:7

Parallel aýatlar

  • +Ams 3:7

1 Şamuwel 3:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    9/2018, sah. 23, 24

1 Şamuwel 3:10

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 64

1 Şamuwel 3:11

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: gulagy şaňlar.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 4:17

1 Şamuwel 3:12

Parallel aýatlar

  • +4Ms 23:19; 1Şm 2:31—34; Işa 55:10, 11

1 Şamuwel 3:13

Parallel aýatlar

  • +4Ms 15:30; 1Şm 2:12, 17, 22, 23; Ýah 15:22; Ýak 4:17
  • +Nes 8:11

1 Şamuwel 3:14

Parallel aýatlar

  • +1Şm 4:11; 22:21; 1Pa 2:27

1 Şamuwel 3:19

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: ýere gaçyrmady.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 2:21

1 Şamuwel 3:21

Parallel aýatlar

  • +1Şm 3:1, 4; Zb 99:6

Umumy salgylar

1 Şam. 3:11Şm 2:11, 18
1 Şam. 3:14Ms 12:6; 1Tr 17:15
1 Şam. 3:21Şm 4:15
1 Şam. 3:31Şm 1:9; 3:15
1 Şam. 3:33Ms 24:2
1 Şam. 3:7Ams 3:7
1 Şam. 3:111Şm 4:17
1 Şam. 3:124Ms 23:19; 1Şm 2:31—34; Işa 55:10, 11
1 Şam. 3:134Ms 15:30; 1Şm 2:12, 17, 22, 23; Ýah 15:22; Ýak 4:17
1 Şam. 3:13Nes 8:11
1 Şam. 3:141Şm 4:11; 22:21; 1Pa 2:27
1 Şam. 3:191Şm 2:21
1 Şam. 3:211Şm 3:1, 4; Zb 99:6
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
Mukaddes Kitap
1 Şamuwel 3:1—21

1 Şamuwel

3 Ýaş Şamuwel Alynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edýärdi+. Ýöne şol günler Ýehowadan kän habar gelmezdi, görnüş*+ hem berilmezdi.

2 Alynyň gözi kütelipdi, hiç zat görmeýärdi+. Bir gün ol uklap ýatyrdy. 3 Şamuwel bolsa Ýehowanyň äht sandygy goýlan ybadathanada*+ ýatyrdy. Hudaýyň öýündäki şem+ heniz sönmändi. 4 Şonda Ýehowa Şamuweli çagyrdy. Ol hem: «Diňleýärin!» diýdi. 5 Şamuwel Alynyň ýanyna ylgap baryp: «Näme, atam, çagyrdyňmy?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, çagyramok. Bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel geçip ýatdy. 6 Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, ýene çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy-da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyň gerek?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, oglum, bar, ýatyber» diýdi. 7 Şamuwel heniz Ýehowany gowy tanamaýardy, Ýehowanyň habaryny eşidip görmändi+. 8 Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, üçünji gezek çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy-da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyňmy?» diýdi.

Şonda Aly oglanjygy Ýehowanyň çagyrýandygyna düşündi. 9 Ol Şamuwele şeýle diýdi: «Git-de, ýat. Ol seni ýene çagyrsa: „Ýehowa, aýdyber, guluň diňleýär“ diý». Şamuwel hem gidip ýatdy.

10 Ýehowa öňküsi ýaly: «Şamuwel, Şamuwel!» diýip, ýene-de çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýdi. 11 Şonda Ýehowa: «Men Ysraýylda görlüp-eşidilmedik zat ederin, muny eşidenleriň ini tikenekläp gider*+. 12 Şol gün Ala we maşgalasyna çykaran hökümimi doly ýerine ýetirerin+. 13 Ala aýt, eden etmişi üçin tutuş hojalygyna hemişelik jeza bererin. Ol ogullarynyň Hudaýa dil ýetirýänini bilse-de+, temmi bermedi+. 14 Alynyň öý-içerisiniň günäsini hiç bir gurbanlyk ýa sadaka ýuwup bilmez+. Muny Alynyň öýündäkilere öňem aýdypdym» diýdi.

15 Soňra Şamuwel ýerine geçip ýatdy. Ertesi irden turup, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny açdy. Ol gören görnüşini Ala aýtmaga gorkýardy. 16 Aly: «Şamuwel, oglum!» diýip çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, atam» diýdi. 17 Aly: «Hudaý saňa näme diýdi? Oglum, menden hiç zat gizleme. Aýdanlarynyň ýekejesini ýaşyraýsaň, goý, Hudaý saňa has beterini görkezsin» diýdi. 18 Şonda Şamuwel hiç zat ýaşyrman, baryny bolşy ýaly gürrüň berdi. Aly: «Ýehowanyň islegi şeýledir, goý, ol aýdyşy ýaly etsin» diýdi.

19 Şamuwel ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem ony goldaýardy+. Ol Şamuweliň aýdan sözleriniň hiç birini ýerine ýetirmän goýmady*. 20 Dandan Beýer-şeba çenli tutuş Ysraýyl Şamuweliň Ýehowanyň pygamberi bolandygyny bildi. 21 Ýehowa Şamuwele Şiloda görünmegini dowam etdi. Şamuwel Ýehowanyň habaryny eşidip, Ýehowany has gowy tanady+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş