1 Şamuwel
12 Şamuwel ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, isleýşiňiz ýaly, üstüňizden patyşa belledim+. 2 Ynha, size baştutanlyk etjek* patyşa!+ Meniň-ä indi saçym agaryp, ýaşym bir çene ýetdi, ogullarym siziň araňyzda+. Men ýaşlygymdan bäri siziň öňüňize düşüp gelýärin+. 3 Indi Ýehowanyň we patyşanyň* öňünde+ maňa garşy näme arzyňyz bolsa aýdyň. Kimiň öküzini ýa eşegini elinden aldym?+ Kimi aldadym, taladym ýa azar berdim? Ýa-da kimden para alyp, nähak işe göz ýumdum?+ Eger şeýle eden bolsam, alan zadymy yzyna gaýtararyn»+. 4 Olar bolsa: «Sen bizi aldamadyň, talamadyň, azar bermediň, hiç kimden para-da almadyň» diýdiler. 5 Şonda Şamuwel: «Menden hiç hili ýazyk tapmandygyňyza Ýehowa-da, patyşa-da şaýatdyr» diýdi. Adamlar: «Hawa, Ol* şaýatdyr» diýdiler.
6 Şonda Şamuwel olara şeýle diýdi: «Aýdanlaryňyza Ýehowa+ şaýatdyr, ol ata-babalaryňyzy Musa bilen Harun arkaly Müsürden çykarypdy. 7 Indi ýerli-ýeriňizde durup, Ýehowanyň öňünde aýtjak zatlarymy diňläň. Men Ýehowanyň size we ata-babalaryňyza eden ýagşylyklaryny ýatladaýyn.
8 Ýakup Müsüre göçüpdi+. Soňra ata-babalaryňyz Ýehowa perýat edip başlady+. Ýehowa Musa+ bilen Haruny iberip, olary Müsürden çykardy, şu ýurda getirdi+. 9 Ýöne ata-babalaryňyz Ýehowa Hudaýyny unutdy. Şonda ol halkyny Hasor goşunbaşysy Siseranyň+, piliştlileriň+ we Mowap patyşasynyň+ eline berdi+. Duşmanlar ata-babalaryňyza hüjüm etdiler. 10 Olar bolsa Ýehowa dady-perýat edip+: „Biz günä etdik+, Ýehowadan ýüz öwrüp, Bagal+ we Aştoret+ butlaryna sežde etdik. Indi saňa gulluk eder ýaly, duşmanlardan halas et“ diýdiler. 11 Ýehowa sizi asuda ýaşatmak üçin+, Ýerubagaly+, Bedany, Ýeftahy+ we Şamuweli+ iberip, duşmanlardan halas etdi. 12 Ammon patyşasy Nahaş+ üstüňize çozanda welin, patyşaňyz Ýehowa Hudaý+ bolsa-da: „Bize patyşa belle“+ diýip, günüme goýmadyňyz. 13 Ynha, diläp alan, saýlan patyşaňyz. Ýehowa size patyşa belledi+. 14 Ýehowadan gorkup+, gulluk etseňiz+, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy çykman, gulak assaňyz+, özüňizem, patyşaňyzam Ýehowa Hudaýyňyza wepaly bolsaňyz-a, ne ýagşy. 15 Ýöne Ýehowa gulak asmasaňyz, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy çyksaňyz, Ýehowa atalaryňyza-da, size-de jeza berer+. 16 Indi ýerli-ýeriňizde durup, Ýehowanyň görkezjek gudratyny görüň. 17 Häzir hasyl döwri dälmi? Emma men Ýehowany çagyraryn, gök gürledip, ýagyş ýagdyrmagyny dilärin. Şonda özüňize patyşa sorap, Ýehowanyň öňünde nähili erbetlik edendigiňize düşünersiňiz»+.
18 Soňra Şamuwel Ýehowa dileg etdi. Ýehowa gök gürledip, ýagyş ýagdyrdy. Muny gören halk Ýehowadan we Şamuwelden gorkdy. 19 Olar Şamuwele: «Biziň* üçin Ýehowa Hudaýyňa doga et+, ölesimiz gelenok. Özümize patyşa sorap, günä üstüne günä gazanypdyrys» diýdiler.
20 Şamuwel bolsa: «Gorkmaň. Dogry, günäleriňiziň hetdi-hasaby ýok. Ýöne indi bir Ýehowanyň ýolundan sowulmaň+, Ýehowa bütin ýüregiňiz bilen gulluk ediň+. 21 Dogry ýoldan sowlup, peýdasyz, nalajedeýin we dereksiz taňrylara+ sežde etmäň. 22 Ýehowa beýik adynyň hatyrasyna+ halkyny terk etmez+, sebäbi Ýehowa sizi halky edip saýlady+. 23 Siz üçin doga etmegi goýmaryn. Beýtsem, menem Ýehowa garşy günä etmerinmi? Size mundan beýlägem dogry we hak ýoly öwrederin. 24 Ýöne Ýehowadan gorkup+, bütin ýüregiňiz bilen wepaly gulluk ediň, siz üçin görkezen gudratlaryny unutmaň+. 25 Bilgeşleýin ýamanlyk etseňiz+, patyşaňyz bilen ýok edilersiňiz»+ diýdi.