Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 2
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Musanyň dogluşy (1—4)

      • Faraonyň gyzy Musany ogullyga alýar (5—10)

      • Musa Midýan ýurduna gaçyp gidýär we Sefura öýlenýär (11—22)

      • Hudaý ysraýyllaryň nalyşyny eşidýär (23—25)

2 Musa 2:1

Parallel aýatlar

  • +2Ms 6:20; 4Ms 26:59

2 Musa 2:2

Parallel aýatlar

  • +Res 7:20; Ýew 11:23

2 Musa 2:3

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: papirusdan.

  • *

    Ýa-da: sandygy; gutyny.

  • *

    Ýa-da: bitum bilen mazut.

Parallel aýatlar

  • +Res 7:18, 19

2 Musa 2:4

Parallel aýatlar

  • +2Ms 15:20; 1Tr 6:3; Mik 6:4

2 Musa 2:5

Parallel aýatlar

  • +Res 7:21

2 Musa 2:8

Parallel aýatlar

  • +2Ms 6:20

2 Musa 2:10

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Suwdan çykarylan.

Parallel aýatlar

  • +Ýew 11:24, 25
  • +Res 7:21

2 Musa 2:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: gujur-gaýratly.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 1:11; 3:7; Res 7:23

2 Musa 2:12

Parallel aýatlar

  • +Res 7:24

2 Musa 2:13

Parallel aýatlar

  • +Res 7:26

2 Musa 2:14

Parallel aýatlar

  • +Res 7:27, 28

2 Musa 2:15

Parallel aýatlar

  • +1Ms 25:1, 2; 2Ms 3:1; 4:19

2 Musa 2:16

Parallel aýatlar

  • +2Ms 18:12

2 Musa 2:18

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Şugaýyp.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 4:18; 18:1; 4Ms 10:29

2 Musa 2:19

Parallel aýatlar

  • +Res 7:22

2 Musa 2:21

Parallel aýatlar

  • +2Ms 18:2—4; 4Ms 12:1

2 Musa 2:22

Çykgytlar

  • *

    Manysy: Ýat ýurtda sergezdan.

Parallel aýatlar

  • +Res 7:29
  • +1Tr 23:15

2 Musa 2:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 7:7; Res 7:30
  • +2Ms 3:7; 1Pa 8:51

2 Musa 2:24

Parallel aýatlar

  • +Res 7:34
  • +1Ms 15:13, 14; 2Ms 6:5; 4Ms 20:15, 16

Umumy salgylar

2 Mus. 2:12Ms 6:20; 4Ms 26:59
2 Mus. 2:2Res 7:20; Ýew 11:23
2 Mus. 2:3Res 7:18, 19
2 Mus. 2:42Ms 15:20; 1Tr 6:3; Mik 6:4
2 Mus. 2:5Res 7:21
2 Mus. 2:82Ms 6:20
2 Mus. 2:10Ýew 11:24, 25
2 Mus. 2:10Res 7:21
2 Mus. 2:112Ms 1:11; 3:7; Res 7:23
2 Mus. 2:12Res 7:24
2 Mus. 2:13Res 7:26
2 Mus. 2:14Res 7:27, 28
2 Mus. 2:151Ms 25:1, 2; 2Ms 3:1; 4:19
2 Mus. 2:162Ms 18:12
2 Mus. 2:182Ms 4:18; 18:1; 4Ms 10:29
2 Mus. 2:19Res 7:22
2 Mus. 2:212Ms 18:2—4; 4Ms 12:1
2 Mus. 2:22Res 7:29
2 Mus. 2:221Tr 23:15
2 Mus. 2:232Ms 7:7; Res 7:30
2 Mus. 2:232Ms 3:7; 1Pa 8:51
2 Mus. 2:24Res 7:34
2 Mus. 2:241Ms 15:13, 14; 2Ms 6:5; 4Ms 20:15, 16
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
Mukaddes Kitap
2 Musa 2:1—25

Ikinji Musa

2 Şol wagtlar lewilerden biri öz taýpasyndan bir gyza öýlenipdi+. 2 Gelin göwreli bolup, ogul dogurdy. Ol oglunyň enaýyjadygyny görüp, üç aý gizläp saklady+. 3 Çagasyny mundan artyk gizläp bilmejegine gözi ýetende+, gamyşdan* örülen sebedi* aldy-da, içine-daşyna gara şepbik* çaldy. Soňra ogluny sebede salyp, Nil derýasynyň gyrasynda ösýän gamyşlykda goýup gaýtdy. 4 Çaganyň gyz dogany+ bolsa, jigime näme bolarka diýip, uzakdan seredip durdy.

5 Şol wagt faraonyň gyzy Nil derýasyna suwa düşmäge geldi. Kenizleri derýanyň gyrasynda aýlanyp ýördi. Faraonyň gyzy gamyşlaryň arasynda duran sebedi gördi-de, hyzmatkär gyza ony getirtdi+. 6 Açyp görse, sebetde bäbek aglap ýatyr. Şa gyzy: «Wiý, ýewreý çagasy» diýdi, emma onuň bäbege ýüregi awady. 7 Çaganyň gyz dogany: «Bäbegi emdirip, sereder ýaly, ýewreý aýallaryň birini çagyraýynmy?» diýdi. 8 Faraonyň gyzy: «Bar, çagyr!» diýdi. Gyzjagaz gidip, ejesini alyp geldi+. 9 Şa gyzy oňa: «Şu çagany emdirip, seredip ber, hakyňy tölärin» diýdi. Ol hem çagany äkidip, emdirip ulaltdy. 10 Çaga ullakanja bolanda, ejesi ony faraonyň gyzynyň ýanyna eltdi. Şeýdip, çaga şa gyzynyň ogly boldy+. Faraonyň gyzy: «Men muny suwdan çykardym» diýip, adyna Musa* dakdy+.

11 Aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Musa uly* adam bolup ýetişdi. Bir gün ol ýewreý doganlarynyň ýanyna baryp, olaryň agyr işden kösenýänini gördi+. Şonda Musa bir müsürliniň ýewreýi urup duranyny gördi. 12 Musa eýlesine-beýlesine seredip, golaýda hiç kimiň ýokdugyny bildi-de, ýaňky müsürlini öldürip, jesedini çägä gömdi+.

13 Ertesi Musa ýene ildeşleriniň ýanyna bardy. Görse, iki ýewreý urşup duran eken. Musa nähak ýere dawalaşýana: «Näme üçin doganyňy urýaň?» diýdi+. 14 Ol bolsa: «Kim seni üstümizden han ýa kazy edip goýdy? Ýa müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürjek bolýaňmy?» diýdi+. Şonda Musa içinden: «Müsürlini öldürenimi bilipdirler» diýip gorkdy.

15 Faraon bolan zatlary eşidip, Musany öldürjek boldy. Musa Midýan ýurduna+ gaçyp gitdi. Ol bir guýynyň başynda oturdy. 16 Midýan ruhanysynyň+ ýedi gyzy bardy. Olar kakasynyň mallaryny suwa ýakmak üçin guýudan suw çekip, nowalary doldurmaga geldiler. 17 Emma hemişeki ýaly, çopanlar gelip, olary kowdular. Şonda Musa gyzlaryň arkasyny alyp, mallary suwa ýakdy. 18 Gyzlar öýüne baranda, kakasy Reguwel*+ geň galyp: «Bu gün ir gelipsiňiz-le» diýdi. 19 Olar: «Bir müsürli+ bizi çopanlardan gorady, guýudan suw çekip, mallary suwa ýakdy» diýdiler. 20 Şonda Reguwel: «Hany ol? Näme üçin öýe çagyrmadyňyz? Baryň, çagyryň, çaý-çörek bereliň» diýdi. 21 Şeýdip, Musa ol adamyň öýünde galmaga razy boldy. Reguwel gyzy Sefurany+ Musa berdi. 22 Birnäçe wagtdan Sefura ogul dogurdy. Musa: «Ýat ýurtda sergezdan boldum»+ diýip, oglunyň adyna Gerşom*+ dakdy.

23 Ýyllar geçdi. Müsür faraony aradan çykdy+. Ysraýyllar bolsa gulçulykdan ýadap, dady-perýat edýärdi. Olaryň ahy-nalasy hak Hudaýa baryp ýetdi+. 24 Hudaý olaryň nalyşyny eşidip+, Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen baglaşan ähtini ýadyna saldy+. 25 Ol ysraýyllara nazar salyp, jebir-jepalaryny gördi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş