1 Şamuwel
7 Kirýat-ýegarimliler Ýehowanyň äht sandygyny baýyrlykda ýaşaýan Abynadabyň öýüne+ äkitdiler. Ogly Algazary bolsa Ýehowanyň äht sandygyna garawul edip goýdular*.
2 Äht sandygynyň Kirýat-ýegarime gelenine ep-esli wagt, ýagny 20 ýyl bolupdy. Bütin ysraýyl halky Ýehowany agtaryp başlady+. 3 Şamuwel olara: «Ýehowa bütin ýüregiňiz+ bilen dolanjak bolsaňyz, araňyzdan başga taňrylary+, Aştoret butlaryny+ aýryň. Ýüregiňizi doly Ýehowa berip, diňe oňa gulluk ediň+. Ol hem sizi piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi. 4 Şeýlelikde, ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny ýok edip, diňe Ýehowa gulluk edip başladylar+.
5 Soňra Şamuwel: «Halky Mispa+ ýygnaň, siziň üçin Ýehowa doga edeýin»+ diýdi. 6 Ysraýyllar Mispa ýygnandylar. Olar guýudan suw alyp, Ýehowanyň öňünde ýere dökdüler-de, şol gün agyz beklediler+. Olar: «Biz Ýehowa garşy günä etdik»+ diýdiler. Şamuwel Mispada halka kazylyk edip başlady+.
7 Ysraýyllaryň Mispa üýşendigini eşidip, piliştli hanlar+ ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar muny eşidip gorkdular. 8 Olar Şamuwele: «Ýehowa Hudaýymyza dileg et, goý, ol dadymyza ýetişip, piliştlileriň elinden halas etsin»+ diýdiler. 9 Şamuwel bir guzyny tutuşlygyna Ýehowa ýakma gurbanlygy+ edip berdi. Ýehowany kömege çagyryp, ysraýyllar üçin dileg etdi, Ýehowa-da jogap berdi+. 10 Şamuwel ýakma gurbanlygyny berip durka, piliştliler ysraýyllara has golaý geldiler. Şol gün Ýehowa güýçli gök gürledip+, piliştlileri aljyraňňylyga saldy+, olar ysraýyllardan ýeňildi+. 11 Ysraýyllar Mispadan piliştlilere hüjüm edip, olary Beýtkaryň günortasyna çenli gyrdylar. 12 Şonda Şamuwel bir daşy+ Mispa bilen Ýeşanyň aralygynda goýdy-da: «Ýehowa bize hemişekisi ýaly kömek etdi»+ diýip, daşyň adyna Ebenezer* dakdy. 13 Söweşde ýeňlen piliştliler gaýdyp Ysraýyl ýurduna aýak basmadylar+. Şamuweliň döwründe Ýehowanyň eli mydama piliştlilere garşydy+. 14 Ysraýyllar piliştlileriň Ekrondan Gete çenli basyp alan şäherlerini yzyna aldylar. Olar öz ýurduny piliştlileriň elinden aldylar.
Ysraýyllar amorlar+ bilen hem parahat ýaşadylar.
15 Şamuwel bütin ömrüne Ysraýylyň kazysy boldy+. 16 Ol her ýyl Beýtele+, Gilgala+ we Mispa+ aýlanyp, halka kazylyk ederdi. 17 Soňra öz öýüne, Rama+ gaýdyp gelerdi. Ol Ramada-da Ysraýyla kazylyk ederdi. Şamuwel şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurdy.