1 Şamuwel
31 Piliştliler Ysraýyla garşy söweşe çykdy+. Ysraýyllar olardan ýeňlip gaçdylar, köpüsi Gilbowa+ dagynda gyryldy. 2 Piliştliler Şawul bilen ogullarynyň+ yzyndan ýetip, ogullary Ýonatany+, Abynadaby we Mälikşuwy öldürdiler. 3 Şawula garşy hüjüm barha güýçlenýärdi, ýaýçylar ok atyp, ony agyr ýaraladylar+. 4 Ol ýarag göterýän nökerine: «Gylyjyňy çykar-da, meni öldür, ýogsam sünnetsizler+ meni gynap öldürerler» diýdi. Emma nöker gorkudan ýaňa öldürip bilmedi. Şonda Şawul gylyjynyň üstüne özüni oklady+. 5 Şawulyň ölenini+ gören nöker hem gylyjynyň üstüne özüni oklap, gapdalynda jan berdi. 6 Şeýdip, Şawul, üç ogly, ýarag göterýän nökeri we ähli hyzmatkärleri bir günde öldi+. 7 Ysraýyl esgerleriniň gaçandygyny, Şawul bilen ogullarynyň ölendigini eşidip, jülgedäki we Iordanyň golaýyndaky ysraýyllar şäherlerini taşlap gaçdylar+. Piliştliler bolsa gelip, şol şäherleri eýelediler.
8 Ertesi piliştliler wepat bolanlaryň zatlaryny almaga geldiler. Olar Gilbowa+ dagynda Şawul bilen üç oglunyň jesedini tapdylar. 9 Piliştliler Şawulyň kellesini kesip, ýaraglaryny aldylar-da, muny taňrylarynyň+ buthanalaryna we ildeşlerine jar etmek üçin Pilişt ýurduna habar ýolladylar+. 10 Şawulyň ýaraglaryny Aştoret hudaýlarynyň buthanasynda goýdular, jesedini bolsa Beýtşanyň+ diwaryndan asdylar. 11 Ýabeş-gileadyň+ ilaty piliştlileriň Şawula eden zatlaryny eşitdi. 12 Şonda olaryň batyr adamlary aýaga galdy. Olar uzak gije ýol ýöräp, Beýtşana bardylar-da, diwardan Şawul bilen ogullarynyň jesedini aldylar. Soňra jesetleri Ýabeşe getirip ýakdylar, 13 süňklerini+ bolsa Ýabeşdäki ýylgynyň aşagynda gömüp+, ýedi günläp agyz beklediler.