Zebur
Öýüň açylyş dabarasynyň şanyna ýazylan aýdym. Dawudyň aýdymy.
30 Seni beýgelderin, eý Ýehowa! Sebäbi meni halas etdiň,
Duşmanlaryň üstümden gülmegine ýol bermediň+.
2 Ýehowa Hudaýym, perýadymy eşidip, aýaga galdyrdyň+.
3 Eý Ýehowa, meni mazardan* çykardyň+,
Maňa ýaşaýyş berip, gabra inmekden sakladyň+.
4 Ýehowanyň wepaly bendeleri, wasp ediň+,
Mukaddes adyna alkyş aýdyň+.
5 Onuň gahary az salymlykdyr+,
Ýagşylygy bolsa ömürboýy dowam edýär+,
Agşam agy eşidilse-de, daňdan şatlyk ýaňlanýar+.
6 Asudalyk döwri:
«Men asla sarsmaryn» diýdim.
7 Eý Ýehowa, menden razy bolanyňda, dag ýaly güýçlüdim+.
Menden ýüz öwreniňde, örän gorkdum+.
8 Seni çagyrýaryn, eý Ýehowa!+
Rehim et, ýalbarýaryn, eý Ýehowa!
9 Men ölsem, mazara insem, saňa ne peýda?+
10 Eý Ýehowa, meni eşit, rehim eýle!+
Eý Ýehowa, maňa ýardam ber!+
11 Sen ýasymy toýa öwürdiň,
Ýas eşigimi* çykaryp, toý lybasyny geýdirdiň.
12 Saňa alkyş aýdaryn, dynman wasp ederin.
Eý Ýehowa Hudaýym, seni ebedilik şöhratlandyraryn!