Ýermeýa
11 Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 2 «Goý, her kes ähtiň sözlerini eşitsin.
Olary ýahuda halkyna, Iýerusalim ilatyna aýt. 3 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa yglan edýär diý: „Ähtimiň sözlerine tabyn bolmadyklara nälet bolsun+. 4 Men ata-babalaryňyzy Müsürden, gyzgyn tamdyrdan* çykaran günüm tabşyryk beripdim+. Olara şeýle diýdim: „Maňa gulak asyň, ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz meniň halkym, men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn+. 5 Ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermek üçin içen antymy, beren wadamy ýerine ýetirerin“+. Görşüňiz ýaly, siz şol ýurtda ýaşaýarsyňyz“».
Men: «Eý Ýehowa, goý, şeýle bolsun!*» diýdim.
6 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahudanyň şäherlerinde we Iýerusalimiň köçelerinde yglan et: „Ähtiň sözlerini eşidiň, olary ýerine ýetiriň. 7 Men ata-babalaryňyzy Müsürden çykaran günümden bäri, olara gaýta-gaýta* duýduryp: „Maňa gulak asyň“ diýdim+. 8 Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, kesirlik etdiler we zalym ýüreklerine eýerdiler+. Buýruklarymy berjaý etmediler, ähtimiň sözlerini ýerine ýetirmediler. Şonuň üçin men ähtde ýazylan näletleri olaryň başyna inderdim“».
9 Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ýahuda halky we Iýerusalim ilaty maňa garşy dil düwüşdiler. 10 Olar maňa gulak asmadyk ata-babalarynyň günälerini gaýtaladylar+. Başga taňrylara çokundylar, olara gulluk etdiler+. Ysraýyl we Ýahuda öýi ata-babalary bilen baglaşan ähtimi bozdular+. 11 Şol sebäpli Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň başyna betbagtçylyk indererin+, gutulyp bilmezler. Kömek sorap çagyranlarynda, olary diňlemerin+. 12 Şonda Ýahudanyň şäherleri we Iýerusalimiň ilaty gurbanlyk beren taňrylaryndan hemaýat sorarlar+, emma olar halky betbagtçylykdan halas edip bilmezler. 13 Eý Ýahuda, seniň şäherleriň sany näçe bolsa, taňrylaryň sany-da şonçadyr. Ýigrenji taňra, Bagala gurbanlyk bermek üçin guran ojaklaryňyzyň* sany Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna ýetdi“+.
14 Indi halk üçin doga etme. Olar üçin aglap, maňa ýüz tutma, ýalbarma+. Olaryň başyna betbagtçylyk inende, menden kömek sorarlar, emma olary diňlemerin.
15 Mähriban halkymyň öýüme gelmäge näme haky bar?
Sebäbi olaryň köpüsi henizem zalymlyk edýärler.
Şonda şatlanyp bilersiňmi?
16 Bir wagtlar Ýehowa saňa gür ýaprakly,
Datly miweli, owadan zeýtun agajy diýýärdi.
Alla ony oda taşlanda uly goh-galmagal turdy.
Duşmanlar agajyň şahalaryny çapdylar.
17 Seni eken+ Serkerdebaşy Ýehowa başyňa betbagtçylyk inderer. Sebäbi Ysraýyl we Ýahuda öýi zalym işleri etdiler, Bagala gurbanlyk berip meni ynjatdylar»+.
18 Eý Ýehowa, meni habarly etdiň,
Halkyň edýän işlerini görkezdiň.
19 Men damagy çalynmaga äkidilýän guzy kimindim,
Maňa duzak gurandyklaryny bilmeýärdim+.
Olar: «Geliň, miweli agajy kesip taşlalyň.
Ady ýatlanmaz ýaly,
Ýagty jahandan ýok edeliň» diýdiler.
Ýa Alla, olardan ar alşyňy göreýin,
Men arz-şikaýatymy saňa aýtdym.
21 Janymyň kastyna çykan Anatot+ halky: «Ýehowanyň adyndan pygamberlik etme+, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýärler. Ýehowanyň olara aýdan sözi şudur. 22 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Olardan hasabat soraryn. Ýigitleri gylyçdan geçiriler+, ogul-gyzlary açlykdan gyrlar+. 23 Hiç kim aman galmaz. Men Anatot+ halkyndan hasabat sorajak ýylym başlaryna betbagtçylyk indererin».