Süleýmanyň aýdymy
8 Käşgä ejemiň süýdüni emen,
Süýtdeş doganym bolsadyň!
Duşanymda daşarda öperdim seni+,
Şonda hiç kim ýazgarmazdy meni.
Süýji şerapdan gandyrardym,
Naryň şiresini içirerdim.
3 Sol golunda bolardy başym,
Sag eli bilen gujaklardy bilim+.
4 Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň:
Kalbymda söýgi oýanýança,
Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň»+.
5 «Ýarynyň goluna girip,
Çölden gelýän kim?»
«Almanyň aşagynda seni oýardym,
Şol ýerde ejeň seni dünýä inderdi,
Aýy-güni dolup, köp azap çekdi.
6 Meni möhür edip bas ýüregiňe,
Ýüzük edip dakyn barmagyňa.
Güýçlüdir söýgi ölümden+,
Doýmaz-dolmaz mazardan*.
Dünýe maly berilse-de,
Söýgi asla satylmaz»*.
8 «Jigimiz+ bar, heniz körpe,
Çykmandyr mämeleri.
Sawçy sorap gelse,
Näme eder agalary?»
9 «Eger ol diwar bolsady,
Kümüş diňler salardyk.
Eger gapy bolsady,
Kedr bilen baglardyk».
10 «Men bir diwar,
Mämelerim goşa diň.
Baksa söwer ýarym,
Görer, päkdir kalbym.
11 Süleýmanyň Bagal-hamonda üzüm bagy+ bardy,
Bagyny bagbanlara seretmäge beripdi,
Hersi hasyl ýygnap, müň kümüş bererdi.
12 Eý Süleýman, müň kümüş seniňki,
Iki ýüz kümüş bagbanlaryňky.
Meniň bagym bolsa diňe meniňki».
13 «Eý çarbagyň+ bilbili,
Dost-ýarlar sesiňe zar,
Menem eşideýin+ biraz».