Amos
3 «Eý Ysraýyl, Ýehowanyň siz hakda, Müsürden çykaran halky barada habaryny diňläň:
2 „Men ähli milletleriň arasyndan diňe sizi saýladym*+.
Şol sebäpli-de eden günäleriňiz üçin hasabat soraryn+.
3 Ýola bile çykýan iki adam öňünden gepleşmezmi?
4 Aw awlamadyk ýolbars tokaýda arlarmy?
Penjesine hiç zat düşmedik arslan mekanynda hyrlarmy?
5 Duzak gurulmasa*, guş düşermi?
Gapana hiç zat düşmese, ol ýapylarmy?
6 Şäherde surnaý çalynsa, adamlaryň ini tikeneklemezmi?
Ýehowa ýol bermese, şähere betbagtçylyk inermi?
7 Älemiň Hökümdary Ýehowa
Pygamberlerine syryny açman hiç zat etmez+.
8 Ýolbars arlanda+, kim gorkman durup biler?
Älemiň Hökümdary Ýehowa buýursa,
Kim pygamberlik etmän durup biler?“+
9 „Aşdotyň berk diňlerinde,
Müsüriň berk diňlerinde şuny yglan ediň:
10 Berk diňlerinde zalymlyk, sütem edip,
Hazyna toplan adamlar,
Halal ýaşamagyň nämedigini bilmezler“.
Muny Ýehowa aýdýar.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Duşman ýurduňy gabar+,
Ol seni tapdan düşürer,
Seniň berk diňleriňi talar“+.
12 Ýehowa şeýle diýýär:
„Çopanyň ýolbarsyň agzyndan goýnuň diňe iki aýagyny
Ýa gulagyny alyp galyşy ýaly,
Samariýada ýumşak düşekde ýatan,
Owadan kürsüde+ oturan ysraýyl halkyndan hem
Sanlyja adam aman galar“.
13 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Diňläň, Ýakup öýüne habar beriň.
14 Ysraýyla gozgalaň turzandygy üçin temmi bererin+.
Şol gün Beýteliň gurbanlyk ojaklaryny*+ ýykaryn,
Olaryň şahlaryny kesip, ýere taşlaryn+.
15 Olaryň gyşlyk we ýazlyk öýlerini ýer bilen ýegsan ederin“.