Amos
2 Ýehowa şeýle diýýär:
„Mowap+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Ol Edom patyşasynyň süňklerini hek bolýança ýakdy.
2 Mowaba ot ýagdyraryn,
Ot Kirýotyň+ berk diňlerini kül-peýekun eder.
Mowap söweş surnaýynyň sesinden,
Esgerleriň goh-galmagalyndan ýaňa heläk bolar+.
3 Men onuň hökümdaryny,
Han-beglerini ýok ederin+ — muny Ýehowa aýdýar“.
4 Ýehowa şeýle diýýär:
„Ýahuda+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi olar Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdiler+.
Onuň düzgünlerini berjaý etmediler.
Ata-babalarynyň egri ýolundan ýöräp azaşdylar+.
5 Şonuň üçin Ýahuda ot ýagdyraryn,
Ot Iýerusalimiň berk diňlerini kül-peýekun eder“+.
6 Ýehowa şeýle diýýär:
„Ysraýyl+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi olar adalaty kümşe,
Garyby çaryga çalyşýarlar+.
Hem atasy, hem ogly bir aýal bilen ýatyp,
Mukaddes adyma ysnat getirýärler.
8 Her bir gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda
Girewine alan donlaryny ýazyp oturýarlar+.
Jerime hökmünde alan şerabyny
Taňrylarynyň buthanasynda içýärler“.
9 „Kedr agajy kimin uzyn, dub agajy kimin berk amorlary,
Halkym üçin ýok etdim+.
Amorlaryň miwelerini, köküni weýran etdim+.
Eý Ysraýyl, muny eden men dälmi?“ Muny Ýehowa aýdýar.
13 Şonuň üçin bugdaý desselerinden doly arabanyň
Topragy owradyşy ýaly,
Menem sizi kül ederin.
14 Ýüwrük adamyň gaçara ýeri bolmaz+,
Gujur-gaýratly adam güýçden gaçar,
Batyr adam başyny gutaryp bilmez.
15 Ýaýçy söweşde ýeňiş gazanmaz,
Ýüwrükler gaçyp bilmez,
Atly janyny halas edip bilmez.
16 Şol gün pälwanlaryň pälwany hem
Ýalaňaç halda gaçyp gider+ — muny Ýehowa aýdýar».