Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Şamuwel 12:15
    Mukaddes Kitap
    • 15 Ýöne Ýehowa gulak asmasaňyz, Ýehowanyň tabşyryklaryna garşy çyksaňyz, Ýehowa atalaryňyza-da, size-de jeza berer+.

  • 1 Taryh 28:9
    Mukaddes Kitap
    • 9 Süleýman, oglum, senem ataň Hudaýyny gowy tanap, bütin ýüregiň bilen+, höwes bilen* gulluk et, sebäbi Ýehowa ýürekleri barlaýandyr+, ynsanyň her bir oý⁠-⁠pikirini we niýetini bilýändir+. Hudaýy agtarsaň, hökman taparsyň*+. Ýöne Hudaýdan ýüz öwürseň, ol hem senden hemişelik ýüz öwrer+.

  • 2 Taryh 36:17
    Mukaddes Kitap
    • 17 Hudaý haldeýleriň patyşasyny olara garşy aýaga galdyrdy+. Haldeý patyşasy mukaddes otagda+ olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi+. Oglana⁠-⁠gyza, garra ýa ejize rehim etmedi+. Hudaý ähli zady onuň eline berdi+.

  • 2 Taryh 36:19
    Mukaddes Kitap
    • 19 Hak Hudaýyň öýüni otlap+, Iýerusalimiň diwaryny ýumurdy+, berk diňleri ýakyp kül etdi, gymmatbaha zatlary ýok etdi+.

  • Ýermeýa 17:27
    Mukaddes Kitap
    • 27 Maňa gulak asmasaňyz, Sabat gününi mukaddes hasaplaman ýük göterseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirseňiz, men Iýerusalimiň derwezelerini otlaryn we berk diňlerini ýakyp ýok ederin+, söndüren tapylmaz“»+.

  • Ýermeýa 37:8
    Mukaddes Kitap
    • 8 Haldeýler yzyna gelip, şähere garşy söweşer, şäheri eýelär, otlar“+.

  • Ýermeýa 52:12—14
    Mukaddes Kitap
    • 12 Bäşinji aýyň onuna, ýagny Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň hökümdarlygynyň 19⁠-⁠njy ýylynda Wawilon patyşasynyň geňeşçisi*, garawullaryň baştutany Nawuzardan Iýerusalime geldi+. 13 Ol Ýehowanyň öýüni, köşgi, Iýerusalimdäki jaýlaryň baryny, atly⁠-⁠abraýly adamlaryň öýlerini otlady+. 14 Garawullaryň baştutany we haldeý goşuny Iýerusalimiň diwarlaryny ýumurdylar+.

  • Hoşeýa 8:14
    Mukaddes Kitap
    • 14 Ysraýyl Ýaradanyny unutdy+, buthanalary gurdy+.

      Ýahuda ençeme galalary gurdy+.

      Men olaryň şäherlerini oda ýakaryn.

      Diňlerini ýakyp kül ederin»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş