17 Hudaý haldeýleriň patyşasyny olara garşy aýaga galdyrdy+. Haldeý patyşasy mukaddes otagda+ olaryň ýigitlerini gylyçdan geçirdi+. Oglana-gyza, garra ýa ejize rehim etmedi+. Hudaý ähli zady onuň eline berdi+.
27 Maňa gulak asmasaňyz, Sabat gününi mukaddes hasaplaman ýük göterseňiz, Sabat güni Iýerusalimiň derwezelerinden ýük geçirseňiz, men Iýerusalimiň derwezelerini otlaryn we berk diňlerini ýakyp ýok ederin+, söndüren tapylmaz“»+.
7 Şol wagt Wawilon patyşasynyň goşuny Iýerusalime garşy, Ýahudanyň basylyp alynmadyk şäherleri+ bolan Lakyşa+ we Azeka+ garşy söweşýärdi. Ýahudanyň basylyp alynmadyk galalaryndan diňe şolar galypdy.